Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy ösdürilýär, bu ugurda ägirt uly işler giň gerime eýe bolýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülen ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim öwrenmegi üçin öňde goýulýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň işi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga, mekdepleriň kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilmegine, şonuň ýaly-da öňdebaryjy tejribeleri okuw usulyýetine ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge mümkinçilik döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim binýady has-da pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda ýaşlaryň giň dünýägaraýşyna, olaryň milli ruhda terbiýelenmegine uly üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyny aýratyn bellemek gerek. Çünki bu umumy okuw sapagynda watansöýüjiligiň beýik mekdebi, milli gymmatlyklarymyz barada giňişleýin beýan edildi.
Ata Watanymyzyň beýik ösüşleri, mukaddes Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk hakyndaky çuňňur paýhasly pikirler diňe bir ýaşlar üçin däl-de, eýsem, biziň her birimiz üçin nusgalyk ýoldur.
Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Eziz Watanyňy, il-günüňi söýmek üçin onuň şöhratly geçmişini giňden öwrenmeli. Türkmen halkynyň taryhynda bolsa guwanmaga, buýsanmaga şan-şöhratly sahypalar näçe diýseň bar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, watansöýüjilik beýik mekdepdir. Türkmen halkynyň taryhy bolsa şan-şöhrata eýe bolup, biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr. Hut şonuň üçin hem ösüp gelýän ýaş nesillerimize şöhratly taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy çuňňur öwretmelidiris. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmadyr. Çünki bu ajaýyp kitaplarda milli gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz çuňňur paýhas bilen beýan edilýär.
Mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň geljekde hem eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna gönükdirilen ylym-bilim binýadynyň ösüşi täze belentliklere göterilýär we halkara derejesinde uly abraýa eýe bolýar. Häzirki wagtda ýaşlarymyzyň müňlerçesiniň halkara ders bäsleşiklerinde mynasyp orun almaklary, hünärlere eýe bolmaklary olar hakynda döwlet derejesinde alnyp barylýan syýasatyň iş ýüzünde dabaralanmasyndan aýdyň nyşandyr. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmekleri ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginiň, döwletimiziň adam hakynda edýän bimöçber aladalarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçýändiginiň aýdyň alamatydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işleriň ählisi halkymyzyň eşretli we aýdyň geljegi hem-de bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýaly mukaddes işlere gönükdirilendir. Çünki ylym-bilim her bir ynsanyň mertebesini beýgeldýär, ata Watana, ene topraga, halal zähmete bolan söýgini joşdurýar.
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Çeşmesi: Mugallymlar gazeti

