INNOWASION BILIM OJAGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI GIŇEÝÄR

Decorative element

01 сентября 2026 г.

/

278

INNOWASION BILIM OJAGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI GIŇEÝÄR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ilkinji ýokary okuw mekdebiniň — Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegine bir ýyl dolýar. Bu innowasion bilim ojagynda milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda we işewürlik gurşawynda zähmet çekjek hünärmenler taýýarlanylýar. Munuň özi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandurmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda zähmet çekjek hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek babatdaky nusgalyk işleriň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Innowasion tehnologiýalar ykdysady ösüşiň «altyn açary» hasaplanylýar. Çünki ylym we tehnologiýalar häzirki zaman ykdysady önümçiliginiň iň möhüm taraplarynyň biri bolup, bütin dünýä maglumatlar eýýamynda dördünji senagat rewolýusiýasyny — tehnologik ösüşiň täze tapgyryny başdan geçirýär. Türkmenistan döwletimizde hem ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda hususy işewürlige sanly ulgam, tehnologiýalar, nou-haular yzygiderli ornaşdyrylýar, ylmy köp talap edýän täze önümçilikler döredilýär, hyzmatlar ulgamynyň orny barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Bu ýokary okuw mekdebi ýaşlaryň öz telekeçilik pikirlerini durmuşa geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilen innowasion meýdançadyr. Uniwersitetiň esasy aýratynlygy bilim bilen önümçiligiň berk utgaşdyrylmagydyr. Çünki ýokary okuw mekdebinde dört fakultet — binagärlik-gurluşyk işewürligi, oba hojalyk işewürligi, işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, sanly tehnologiýalar fakultetleri hereket edip, talyplara ýokary hilli bilim berlende nazaryýet bilen tejribäniň sazlaşygy aýratyn üns merkezinde saklanylýar.

Has giňişleýin aýtsak, binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetiniň işi ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamalaryna laýyklykda, ussat binagärleri, inženerleri we dizaýnerleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, talyplara dürli maksatly binalary gurmagy özleşdirmek bilen birlikde, gurluşyk taslamalaryny ykdysady taýdan hasaplamagy, iň döwrebap gurluşyk serişdelerini öndürmegi we halkara standartlara laýyk taslamalary dolandyrmagy öwretmek göz öňünde tutulandyr. Oba hojalyk işewürligi fakultetinde ýaşlara biotehnologiýa, genetika we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanyp, önümiň hilini we möçberini täze derejä çykarmagy, eksport geografiýasyny giňeltmegi içgin öwretmek maksat edinilýär. Döwrebap tehnologiýalaryň jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda — «akylly» şäherlerde, sanly oba hojalygynda, sanly önümçilikde wajyp orny eýeleýändigi göz öňünde tutulyp, sanly tehnologiýalar fakultetinde emeli aň, neýron torlar, blokçeýn we uly göwrümli maglumatlar tehnologiýalary boýunça giň dünýägaraýyşly ýaş hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilendir. Önümçilik işlerini we sanly ulgamy ykdysady hem-de hukuk taýdan dolandyrmak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wajyp wezipeleriň biri bolup, bu ugurda işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetine esasy orun degişlidir. Bu ýerde halkara işewürlik, marketing, audit we işewürlik hukugy ýaly ugurlar boýunça bilim berlip, munuň özi talyplara geljekde kärhanalary halkara derejesine çykarmak, gymmat bahaly kagyzlar bazarynda işlemek, dolandyryşyň has netijeli usullaryny oýlap tapmak hem-de ulanyşa hödürlemek ugurlarynda netijeli iş alyp barmaga ýardam eder.

Uniwersitetiň talyplarynyň eýýäm ilkinji okuw ýylyndan başlap ýurdumyzyň öňdebaryjy hususy kärhanalarynda tejribe okuwlaryny geçmekleri olaryň işewürlik dünýäsine aralaşmaklaryna, haryt dolanyşygynyň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň inçe tilsimlerini içgin öwrenmeklerine ýardam edýär. Sebäbi telekeçilik milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarmak bilen birlikde, ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň möhüm guralydyr. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmegi bolsa, öz gezeginde, döwletiň kuwwatynyň artmagynyň, ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň zerur şerti bolup durýar.

Innowasion ýokary okuw mekdebiniň agzybir pedagogik düzümi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň täze binalar toplumy innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli, kämil hünärmenler bilen üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Şoňa görä-de, bu döwrebap uniwersitetde bilim aljak ýaşlarymyzyň ýakyn geljekde ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn» diýen sözlerine — belent ynamyna hötde gelmek ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Hususan-da, bu ýerde okuwlar ylmyň iň täze gazananlary we okatmagyň innowasion usulyýeti esasynda guralýar hem-de alnyp barylýar. Talyplaryň amatly we oňaýly şertlerde ýokary hilli hünär bilimini almagyna, öz hünär ugurlarynyň inçeliklerini kämil derejede özleşdirmeklerine, şol bir wagtda, ylmy gözlegleri amala aşyrmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Şol sanda talyp ýaşlaryň medeni-köpçülik çärelerine, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagy gazanylýar.

Elbetde, çekilýän yhlasly zähmet ýakyn geljekde özüniň ilkinji miwelerini berer. Bu ýerde bilim alýan talyp ýaşlar ýurdumyzda hususy telekeçilik işini ösdürmäge, kiçi we orta işewürligi kämilleşdirmäge, hususy pudakda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan hünärmenler bolup ýetişerler. Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzyň innowasion we işjeň bilim ojaklarynyň biri hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bilim hem-de ylym kuwwatyny pugtalandyrar. Çünki döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr».

Tyllagözel MUHAMMEDOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Çeşmesi: Rysgal gazeti