ru 2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanynda Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň çalt depginli ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy hakynda» № 42 belgili karara gol çekildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy 2022-nji ýylda “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan başlanyp, häzirki wagtda gurluşyk işleri dowam edýär. Teklip edilýän taslama laýyklykda uniwersitetiň binalary Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Görogly köçesiniň 185-nji jaýy salgysynda ýerleşdirildi. Binalar toplumy 8 ga meýdanynda ýerleşdirilip, 4 sany okuw binasy, 2 sany her biri 300 orunlyk 6 gatly umumy ýaşaýyş jaýy, kitaphana, naharhana, köpçülik çärelerini geçirilýän Mejlisler zaly, ýapyk we açyk sport desgalary şeýle hem Merkezi edaranyň binasy ýerleşdirilen. Uniwersitet 9 gatly edara binasyndan we 6 gatly okuw binalaryndan ybaratdyr. 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen, «Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda» PP-543 belgili Permana gol çekdi. Permana laýyklykda, «Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Müdiriýetiniň 2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda çykaran 25/07 belgili karary makullandy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Bilim ministrligi aşakdakylar boýunça ýardam bermek tabşyryldy: 1) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna we tassyklanylmagyna; 2) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak hem-de bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine; 3) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglerine laýyklykda taýýarlanylmagyna hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlaryna tassyklamaga berilmegine; 4) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň kanunçylykda bellenen tertipde tassyklanylmagyna; 5) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde talyplaryň okamak üçin tölegleriniň möçberiniň kesgitlenilmegine; 6) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan talyplaryň okuwa kabul edilip başlanmagyna; 7) Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň bellenen tertipde çagyrylmagynyň guralmagyna. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde bäş sany fakultetiň we dil öwreniň bölüminiň bolmagy göz öňünde tutulýar, olar: Fakultetler: 1) Işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakulteti; 2) Binagärlik - gurluşyk işewürligi fakulteti; 3) Oba hojalyk işewürligi fakulteti; 4) Sanly tehnologiýalar fakulteti; 5) Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti; 6) Dil öwreniş bölümi. Şeýle hem on dört sany kafedranyň bolmagy meýilleşdirilýär, olar: Kafedralar: 1) Ykdysadyýet we dolandyryş kafedrasy; 2) Işewürlik we telekeçilik kafedrasy; 3) Binagärlik we dizaýn kafedrasy; 4) Senagat we raýat jaý gurluşygy kafedrasy; 5) Agronomçylyk kafedrasy; 6) Azyk önümleriniň tehnologiýalary kafedrasy; 7) Weterinar lukmançylygy we senagat balykçylygy kafedrasy; 8) Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary kafedrasy; 9) Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy; 10) Sanly tehnologiýalar kafedrasy; 11) Takyk we tebigy ylymlar kafedrasy; 12) Umumy tehniki dersler kafedrasy; 13) Diller kafedrasy; 14) Bedenterbiýe kafedrasy. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetide fakultetler boýunça şu aşakdaky 42 sany tejribehanalaryň döredilmegi göz önünde tutulýar: Uniwersitetiň 1-nji binasy. 1. Hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti we Dil öwreniş bölümi. Internete birikdirilen kompýuter otagy - 2 sany. Lingafon kabineti - 10 sany. 2. Işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryş fakulteti. 1. Halkara maliýe we birža tejribehanasy. 2. Bank işi tejribehanasy. 3. Marketing tejribehanasy. Uniwersitetiň 2-nji binasy. 3. Oba hojalyk işewürligi fakulteti. 1. Däneçilik tejribehanasy. 2. Pagtaçylyk tejribehanasy. 3. Ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygynyň tejribehanasy. 4. Ýyladyşhana tejribehanasy. 5. Ösümlikleri goramak tejribehanasy. 6. Agrohimiýa we topragy öwreniş tejribehanasy. 7. Genetika tejribehanasy. 8. Balykçylyk tejribehanasy. 9. Weterinar sanitariýa espertizasy tejribehanasy. 10. Parazitologiýa we epizootologiýa tejribehanasy. 11. Farmakologiýa we himiko-toksikologiýa tejribehanasy. 12. Haýwanlaryň fiziologiýasy we gistologiýasy tejribehanasy. 13. Ot-iýmleriň önümçiligi we barlagy tejribehanasy. 14. Bakteriologiýa we serologiýa tejribehanasy. 15. Haýwanlaryň anatomiýasy tejribehanasy (muzeýi). 16. Miwe-gök önümleriniň we ösümlikleriň hil barlagy tejribehanasy. 17. Et we balyk önümleriniň hil barlagy tejribehanasy. 18. Süýt we süýt önümleriniň hil barlagy tejribehanasy. 19. Däne we konditer önümleriniň hil barlagy tejribehanasy. 20. Himiýa dersi boýunça 2 sany tejribehanasy Uniwersitetiň 3-nji binasy. 4. Sanly tehnologiýalar fakulteti. 1. Super kompýuter tehnologiýalary tejribehanasy. 2. Serwer tejribehanasy. 3. Kompýuter tory tejribehanasy. 4. Maglumat goragy tejribehanasy. 5. Mobil programma tejribehanasy. 6. Programmirlemek tejribehanasy. 5. Binagärlik we gurluşykpudagynyň işewürligi fakulteti. 1. Inženerçilik we dizaýn tejribehanasy. 2. Gurluşyk materiallaryň häsiýetleriniň barlagy tejribehanasy. 3. Gurluşyk materiallary we konstruksiýalary barlagy tejribehanasy. 4. Beton we demirbeton barlagy tejribehanasy. 5. Materiallaryň garşylygyny garlagy tejribehanasy. 6. Gidroizolýasiýa we posa garşy gorag barlagy tejribehanasy. 7. Ýol desgalarynyň, raýat jaýlarynyň we senagat desgalarynyň barlagy tejribehanasy. 8. Topraklaryň mehanikasy, esaslar we fundamentler barlagy tejribehanasy. 9. Umumy fizika tejribehanasy. 10. Umumy himiýa tejribehanasy. 11. Standartizasiýa we metrologiýa tejribehanasy. 12. Jaýlaryň we desgalaryň seýsmiki çydamlylyk barlagy tejribehanasy. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti 2025/2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamalary boýunça bilim ulgamynyň ugurlarynyň aşakdaky ulaldylan toparlary boýunça talyplyga kabul eder: 1. Binagärlik (taýýarlygyň ugurlary: binagärlik; binagärlik gurşawynyň dizaýny). 2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (taýýarlygyň ugurlary: senagat we raýat jaý gurluşygy; gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek). 3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary). 4. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy). 5. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: agronomçylyk; azyk önümleriniň tehnologiýasy). 6. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlyk ugurlary: weterinar lukmançylygy; senagat balykçylygy). 7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (telekeçilikde); işewürlik we telekeçilik; söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar; halkara işewürlik; işewürligi dolandyrmak). 8. Hukuk işi (taýýarlygyň ugry: işewürlik hukugy). Uniwersitet 2500 talyba niýetlenip, okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barylar. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň gurluşygy “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” çäginde amala aşyrylýar. Häzirki günde işewürlik we telekeçilik maksatlary hem-de şol maksatlaryny amala aşyrmaga höwesleri bolan ýaşlaryň okadylmagy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebinde, onuň Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şahamçalarynda, şeýle hem dürli işewürlik we ykdysady ugurlary nazarlaýan bilim merkezleriniň binýadynda alnyp barylýar. Telekeçilik, işewürlik we senagat işini guramakda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurduň innowasion ykdysady ösüşine goşant goşmakda ähmiýetli orna eýe bolar. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasaty oňyn durmuşa geçirilýär. Ähli ugurlar boýunça sanlylaşdyrmak işi jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda dolandyryş, pudaklaýyn, işewür düzümleri, önümçilik we söwda, medeni-durmuş pudaklaryny, raýatlaryň durmuşyny gurşap aldy. Şeýlelikde sanly tehnologiýalar öňdäki hatara çykyp, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde, bilimiň hiliniň ýokarlanmagynda oňyn täsirini ýetirdi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde ylym-bilim aljak ýaş hünärmenler geljekde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önümçilik kärhanalary bilen göni aragatnaşygy saklap, halkara ülňülerine laýyklykda innowasion usulda dolandyryşy we sanly dolandyryş işini ýola goýmak, akylly tehnologiýalar boýunça elektron harytlary, ýerli çig mallara daýanýan oba-hojalyk önümleri, dürli hojalyk pudaklaryna esaslanýan azyk önümleri öndürmek boýunça okuw-tejribelik hyzmatdaşlygyny alyp bararlar. Bu bolsa geljekde, ylmyň esasynda önümçilik mümkinçiliklerini taýýarlaýan “uniwersitet 3.” derejesinden, öz senagat önümçiligini alyp barjak, dünýäniň iň ösen ýokary okuw mekdepleriniň hataryna “uniwersitet 4.” derejesine ýetmekde taryhy başlangyç bolar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak jähtinden ileri tutulýan ugur hökmünde gaýtadan işleýän kuwwatly pudaklary döretmek, olaryň hataryna himiýa we nebit-gaz himiýasyny, materiallary öwrenmegiň tehnologiýasyny, dokma senagatyny, agrosenagat toplumynyň gaýtadan işleýji senagat pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmek maksat edilip goýuldy. Şol maksatlara ýetmekde türkmen telekeçilerine kiçi we orta işewürligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin hukuk, syýasy, maliýe hem-de durmuş taýdan oňyn şertler döredildi. Bu ýagdaý häzirki wagtda innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly ýaşlarymyzy telekeçilige we işewürlige ruhlandyrýar. Şu nukdaýnazardan geljekde ýokary hünärli senagat işiniň hünärmenleri we telekeçileri ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny özünde jemleýän önümleri ýurdumyzyň içerki bazarlaryna çykarmak bilen bir hatarda, eksporty hem giňeltmäge işjeň gatnaşarlar. Milli ykdysadyýetimizi häzirki zaman usullaryna laýyklykda akylly tehnologiýalaryň esasynda senagat taýdan ýöriteleşmek usulynda ösdürmek boýunça ylmy seljermeleri geçirip, mynasyp goşandyny goşmak Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň baş maksadyna öwrüler.

