29 августа 2026 г.

/

257

ASYLLY ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

Türkmen halky ylym-bilime, kitaba belent sarpa bilen garaýar. Bu ugurda mugallymlara we mugallymçylyk kärine aýratyn sarpa goýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär, ylym-bilim ösdürilýär. Bu günki günde bilim işgärleri ýaş nesillere bilim öwretmekde milli ýörelgelere we ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýarlar. Bu babatda ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilip, bilim ulgamy döwrebap enjamlar, kompýuterler bilen üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hut şonuň netijesinde hem kamil bilimli ýaşlar kemala gelýär.

Bilim bagtyýarlygyň, kämilligiň gözbaşydyr. Bilim ýurdumyzyň beýik ösüşini üpjün edýän esasy kesgitleýji ugur bolup durýar. Şu sebäpli hem ýurdumyzyda bilimiň ösdürilmegine, sanly bilimiň durmuşa ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Çünki bilim beýik geljegi üpjün edýän berk binýat bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamynyň täze özgertmelere, ösüşlere eye bolmagy üçin ähli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagyň maksatlary we wezipeleri kamil nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, ylym-bilim esasynda kamil jemgyýet kemala geldi. Mälim bolşy ýaly, mugallymlar okatmagyň usulyýetini yzygider kämilleşdirýärler, döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Sanly ulgamyň we multimedia tehnologiýasynyň esasynda amala aşyrylýan okuw usullary ýaşlaryň bilimleri özleşdirmeklerine oňat ýardam edýär. Okuw usullarynyň iň döwrebap derejede amala aşyrylmagy bolsa, bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde oňat mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda mugallymlaryň döredijilikli zähmeti, döwrebap okuw usullary ýaşlaryň her birine dogry ýoluň çelgisi bolup hyzmat edýär. Bilim bolsa, ynsany kämillige eltýär. Okap, öwrenip, ylmyň belent derejelerine ýeten ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden ylmy gymmatlyklary biziň şu günki ajaýyp günlerimiziň berk binýadynyň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bilim ösüşiň gözbaşy, üstünligiň binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny we bu ulgamda işleýän raýatlary aýratyn üns-alada bilen gurşap aldy. Ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin edilýän tagallalardan ruhlanýan mugallymlar ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge, olaryň bilim derejelerini ýokarlandyrmaga uly üns berýärler. Bu bolsa jemgyýetimiziň ösüşini üpjün edýär.

Bilim ulgamyny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmadyr. Bu ajaýyp kitaplarda ýaşlary milli ruhda terbiýelemegiň ýoly parasatlylyk bilen beýan edilýär, bilim bermek we terbiýeçilik işiniň kämilleşdirilmegi dogrusynda parasatly pentler aýdylýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk bilim berjek wezipesi bilim ulgamynyň her bir işgäriniň baş maksady bolup durýar. Şeýle jogapkärli wezipäni durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary baş ýörelge bolup, örän ähmiýetli gollanmalardyr.

Bilim ulgamyny ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmadyr. Bu ajaýyp kitaplarda ýaşlary milli ruhda terbiýelemegiň ýoly parasatlylyk bilen beýan edilýär, bilim bermek we terbiýeçilik işiniň kämilleşdirilmegi dogrusynda parasatly pentler aýdylýar. Ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek wezipesi bilim ulgamynyň her bir işgäriniň baş maksady bolup durýar. Şeýle jogapkärli wezipäni durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary baş ýörelge bolup, örän ähmiýetli gollanmalardyr. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny ösdürmek bilen ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk bilim-terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini esasy wezipe edip goýýar. Ýurdumuzda gurulýan ýokary önümçilik kuwwaty bolan kärhanalarda, zawoddyr fabriklerde türkmen ýaşlarynyň zähmet çekmekleri üçin olaryň döwrebap bilimleri öwrenmekleri zerur şert bolup durýar. Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdepleriniň sany gün-günden artýar. Döwrebap görnüşde gurulýan her bir okuw mekdebinde ýaşlaryň okamagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, giň gözýetimli bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň bilimli, terbiýeli, hünär taýdan taýýarlykly bolmagy üçin uly tagallalary edýär. Çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde türkmenistanly ýaş raýatlaryň saglyklaryny berkitmegi, dürli bedenterbiýe we sport çärelerine gatnaşmaklary, özleriniň gyzyklanýan dersleri boýunça bilimlerini artdyrmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki döwürde durmuşa geçirilýän möhüm işler öz miwesini berýär. Interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, okatmagyň we terbiýe bermegiň ýokary şertleri döredilip bina edilen çagalar baglary, mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, mekdepden daşary çagalar edaralary munuň aýdyň mysallarydyr. Bularyň ählisi ýaş nesliň ýaşaýyş derejesiniň gowulaşmagyna, olaryň zehin-başarnyklarynyň artmagyna, bilimleriniň kämilleşmegine örän oňaýly täsirini ýetirýär.

Bu gün eziz Diýarymyzda ýaşlar bilimleri ele almakda, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda yhlaslylyk, erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän taslama, ylmy bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýaşlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklary hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlara pederlerimiziň ynsanperwerlik nusgasynda häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda bilim bermek babatda alyp barýan beýik maksatly syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ata Watanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlarymyzyň ylmy gözlegleri alyp barmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Tyllagözel MUHAMMEDOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Çeşmesi: Mugallymlar gazeti