13 августа 2026 г.

/

702

MILLI YKDYSADYÝET — KUWWATLY ULGAM

Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady strategiýasynyň netijesinde ýurdumyzda okgunly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, pudaklara ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, sanlylaşdyrma prosesleriniň ýaýbaňlandyrylmagy dünä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmaga güýçli itergi berýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde maýa goýumlaryň orny örän uludyr.

Diýarymyzda maýa goýum syýasaty önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, täze girdeji çeşmelerini döretmek, makroykdysady deňagramlylygy saklamak üçin netijeli gural bolup hyzmat edýär. Çünki bu ugurdaky syýasat önümçiligiň depginini has-da artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň toplumydyr

Döwlet Baştutanymyz: «Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, durnukly ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmek, Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak işlerine gözegçiligi güýçlendirmek möhümdir» diýip belleýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ýagny dürli pudaklary deň derejede ösdürmek, önümçiligi giňeltmek, täze zawoddyr fabrikleri gurmak we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, maýa goýumlaryň hem döwlet, hem maýadarlar üçin bähbitli bolmagyny gazanmak halk hojalygyndaky özgertmeleriň möhüm ugurlary hasaplanýar.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipeleri ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara, sanly we aýlanyşykly ykdysadyýete geçmekden ybarat bolup durýar.

Mährem BABAMYRADOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Çeşmesi: Nebit-gaz gazeti