«At — myrat», «Ata agynan ýerde toý bolar» diýen ýaly gymmatly pähimleri kalbyna keşdelän buýsançly halkymyz wepaly bedewinde myradyny, bagtyny görüpdir, «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, süňk hossary ýaly eý görüp, arzylapdyr. Asyrlar boýy ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak üçin içgin alada edipdir. Şeýle saýlama tohum atlaryny gözleriniň göreji deý gorap saklapdyrlar. Olaryň iýmitlenişi beýleki atlardan tapawutly bolup, diňe körpe ýorunja, kölegede guradylan bede, arpa, käşir, gant, kişmiş, ýumurtga bilen bellenilen tertipde, belli bir möçberde öňden gelýän berk tertip-kada boýunça diňe bir adam, ýagny seýis tarapyndan iýmitlendirilipdir. Seýisçilikde halypa-şägirtlik ýolunyň hem-de arassa ahalteke tohumynyň has-da kämil görnüşde häzirki günlerimize gelip ýetmeginde uly yhlas eden, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet aganyň dogany, belli atşynas Aba Annaýewiň hem uly goşandy bardyr. Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanyny okanyňda ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň hem ahalteke bedewlerine aýratyn üns berendigini görmek bolýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bolan söýgüsini öz pederlerinden alyp gaýdýandygyny görkezýär.
2026-njy ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ulus ilimiziň köňül köşgüni nurlandyryp, buýsançly başyny göge ýetirdi. Türkmen halky özüniň bäş müň ýyllyk taryhynda umumadamzat hazynasyna kämil hem gaýtalanmajak medeniýeti berdi. Gahryman Arkadagymyzyň bedew atlarymyz baradaky: «Uly baýramlaryň, tomaşaly toýlaryň, mähelleli aýlawlaryň bezegi bolan, ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan, üsti şemally bedewlerimiz türkmeniň köňül ganatydyr, milli buýsanjymyzdyr. Buýsançly başlaryny belent tutup, ynsanyň wepadar dosty, aýrylmaz ýoldaşy hem-de ýakyn syrdaşy bolan meşhur bedewlerimiziň gelip çykyşy biziň eýýamymyzdan ozalky müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär» diýip, aýratyn söýgi we mähribanlyk bilen aýdan dürdäne sözleriniň aňyrsynda türkmen gerçeginiň iň wepaly dostunyň waspy bar.
Biziň ýyndam, ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň ady 1935-nji ýylyň 30-njy maýynda Aşgabat — Moskwa aralygynda merdana, batyr türkmen ýigitlerinden düzülen toparyň atly ýörişiniň başlanmagy bilen dünýäde has-da meşhurlyga eýe bolýar. Ýigitler 4300 kilometr ýoly bellenilen möhletinden gysga wagtda — 83 günde geçip, 1935-nji ýylyň 22-nji awgustynda Moskwanyň Gyzyl meýdançasyna barypdyrlar. Şeýlelikde, olar ahalteke bedewleriniň diňe bir ajaýyp gözelligiň nyşany bolman, eýsem, iň çydamly bedewlerdigini bütin dünýä mälim etdiler. Merdana pederlerimiziň bu nusgalyk göreldesine eýerilip, 1988-nji ýylda 3200 kilometr aralyga ýene bir atly ýöriş guralýar. Dal bedewlere atlanan gerçeklerimiz bu aralygy hem 63 günüň dowamynda geçýärler. 1945-nji ýylyň sentýabr aýynda 500 kilometr aralyga geçirilen ýaryşa hem saýlantgy, dürli nesilleriň 8-sinden iň oňat bedewler gatnaşdyrylypdyr. Onda gözelligiň seresi bolan Tarlaň atly meşhur ahalteke bedewi (1938-nji ýylda doglan) ýeňiş gazanypdyr. Ahalteke bedewlerimiziň uzak aralyga ýaryşmak bilen birlikde, päsgelçilikden böküp geçmek (konkur), uzyn aralyga bökmek ýaly sport görnüşleri boýunça görkezen netijeleri hem buýsandyryjydyr. 1950-nji ýylda Aşgabatda geçirilen şeýle ýaryşda Perepel atly ajaýyp bedew beýlekilerden tapawutlanýar. Ol 8 metr 78 santimetr uzynlygyna böküp, iň ýokary netijäni gazanypdyr.
Şeýle hem 2017-nji ýylda Ak hanyň çarpaýa galmagy bilen, paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylmagyny, 2018-nji ýylda bolsa Akhanyň çarpaýa galyp, artky aýaklarynda ýöräp 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny täzelemegi aýratyn belläp geçmäge mynasyp wakalardyr.
Watanymyzyň täze taryhyny altyn harplar bilen bezän, möhüm wakalara iňňän baý bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy, ýene şol ýerde şu ýylyň 16 — 25-nji ýanwary aralygynda geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde bolan dabaraly çärede ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli ildeşlerimizi buýsanja besledi. Bu şanly waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa mynasyp öwüşgin çaýdy.
Ýurdumyzda arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atçylyk sportuny ösdürmek we at çapyşyklarynyň milli däplerini wagyz etmek babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi bu günki günde atçylyk pudagynyň giň gerime, şeýle hem rowaçlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Goý, ahalteke bedewini ýurdumyzyň beýik ýeňişleriniň we rowaçlyklarynyň, özgerişleriň we döredijilik güýjüniň aýdyň beýanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!
Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby
Çeşmezi: Esger gazeti

