Garaşsyz, agzybir Watan goýnunda, türkmen toý toýlaýar ýeriň ýüzünde

Decorative element

18 сентября 2026 г.

/

279

Garaşsyz, agzybir Watan goýnunda,
 türkmen toý toýlaýar ýeriň ýüzünde

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda “Garaşsyz, agzybir Watan goýnunda, türkmen toý toýlaýar ýeriň ýüzünde” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş eden myhmanlar merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Bu dabaraly duşuşykda ýaş nesle watansöýjülilik, zähmetsöýerlik we milli mirasymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek babatynda aýratyn bellenilip geçildi. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeleriň we ýetilen beýik üstünlikleriň her bir raýatyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýändigi aýratyn nygtaldy. Bu duşuşyk talyp  ýaşlaryň kalbynda ata Watanymyza bolan çäksiz söýgini we buýsanjy has-da pugtalandyrmaga ruhlandyrdy.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda  oňa gatnaşanlar döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmekde, ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyşly sözlerini beýan etdiler.