Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Kämil şahsiyet bolup ýetişmekde, adamzada mahsus bolan duýgynyň ilkinjisi ata Watana, ene topraga bolan söýgüdir. Watansöyüjiligiň ýüze çykmasy halal zähmetiň bilen Watanyň şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmakdadyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki ösüp gelýän ýaş nesillerde, hususan-da, geljekki hünärmenlerde durmuş ähmiýetli iň möhüm raýatlyk häsiýetlerini kemala getirmek we ösdürmek, bilim-terbiýeçilik işiniň mazmunyna ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, medeni-taryhy, milli buýsanç hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak esasy wezipelerdir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň innowasion ýokary okuw mekdebi bolan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyp ýaşlarda watançylyk duýgusyny ösdürmek, şeýle hem milli terbiýäni we ahlak gymmatlyklaryny berkitmek boýunça meýilnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ynsanyň bütin ömrüniň manysy onuň mertebeli ýaşaýşy bilen kesgitlenýär. Mertebe merdanalykda, wepalylykda, kämillikde öz münasibetini tapyp, biziň mertebe mekdebimiz geçmişimizdir, pederlerimizden miras galan gymmatly ýol-ýörelgelerdir, edim-gylymlardyr, terbiýedir. Şol mekdebiň uçurymy bolan ýaşlar kämil nesiller bolup, türkmeniň halk hökmündäki mertebeli ýaşaýşyny heňňamlardan heňňamlara aşyryp, nesillerden nesillere ýetirýärler. Dowamatyň dowam tapmasy bolsa çyn döwletlilikdir, deňli-derejelilikdir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz beýik oguzlaryň nesilleridiris. Biz dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleridiris. Biz öz şanly geçmişimize, baý taryhymyza, beýik döwrümize guwanmaga we buýsanmaga doly haklydyrys» diýen sözlerinde çuňňur many-mazmun jemlenendir.
Beýik oguz nesilleri! Bu buýsançly kelam her bir türkmeniň aňynda, ýüreginde baky ýaşaýan bolsa gerek. Döwlet gurmagyň, ony dolandyrmagyň, jemgyýetde adalatlylygy üpjün etmegiň kämil nusgasyny miras galdyran Oguz hanyň ýol-ýörelgesi parahatçylyk, adalatlylyk, agzybirlik bolup, ol ýol häzirki türkmen jemgyýetiniň hem süňňüni düzýär. Oguzlaryň — türkmenleriň taryhy şöhratly-şanly, ymgyr synagly, beýik ýeňişli, buýsançly sahypalardan doly. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalary bilen ol sahypalar dowamat-dowam tapýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tarapyndan bütin dünýäde parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň ilerledilmegi ugrunda işjeň hem-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, medeni we edebi çäreler talyplara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumuzda alnyp barylýan beýik işleriň taryhy ähmiýetine çuňňur düşünmäge, şol sanda olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge uly mümkinçilik döredýär.
Aslynda, terbiýe, ylmy nukdaýnazardan kesgitleýände, ynsanyň özüni alyp barşyny kesgitleýän, şonuň ýaly-da, adamyň tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygyny üpjün edýän bitewi ruhy güýç bolup durýar. Terbiýe ynsanda oňyn gylyk-häsiýetleriň kemala gelmegini üpjün edip, onuň duýgy-düşünjesine, üşügine, ukyp-başarnygyna görä jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam edýär. Şu jähetden, hemme taraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýeti — terbiýeli ynsany ýetişdirmek, bu işi goldamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup, ýurdumuzda okuw-terbiýeçilik, medeni aň-bilim işi alnyp barlanda, ilkinji nobatda, öwredilýän maglumatlaryň özeninde watansöýüjilik duýgularyny ösdürýän pikirleriň bolmagyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň terbiýe mekdebiniň berk binýadydygyny, gymmatly hazynasydygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, bu nusgalyk terbiýe mekdebiniň ýörelgelerine, şeýle hem milli we öňdebarjysy tejribelere eýerip, uniwersitetiň professor-mugallymlary ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, geljekki hünärmenleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekýärler.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda her bir ynsanyň bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli gymmatlyk bolan terbiýäniň on iki görnüşine — watançylyk, döredijilik we zehin, akyl we pikir, ylym, medeni aň-düşünje, kär-hünär, sungat, syýasy, maliýe-ykdysady, jemgyýetçilik, dil, ekologiýa, tebigata söýgi terbiýelerine ünsi çekýär hem-de «Terbiýäniň bu görnüşleri durmuşa täze gadam basan ýaş nesiller üçin geçmişi, häzirki döwri hem-de geljegi özünde jemleýän nusgalyk mekdepdir» diýip belleýär. Munuň özi ýaş nesilleri, has takygy, geljekki hünärmenleri sazlaşykly ösen şahsyýetler edip ýetişdirmekde terbiýäniň, onuň görnüşleriniň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.
Watançylyk terbiýesi barada gürrüň edilende, Watan söýgüsi bilen bagly türkmen halkymyzda ajaýyp rowayatlaryň, taryhy hakykatlardyr wakalaryň diýseň kändigine ünsi çekmelidiris. Döredijilik we zehin, akyl we pikir, ylym, medeni aň-düşünje terbiýeleri ýaş ynsanda döredijilikli pikirlenmäni, medeniýeti, many-maňyzly ýaşaýşa, ylmyň çuňluklaryna aralaşmaga bolan höwesi oýarýar. Kär-hünär terbiýesi bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiniň ykbalydyr» diýip nygtaýar. Munuň özi ýaş nesilleriň hünär saýlawyna örän ünsli çemeleşmelidigini, mümkin boldugyndan, gyzyklanýan ugurlarynyň haýsysy boýunça üşüginiň has ýitidigini bilmäge çalyşmalydygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine okuwa kabul edilýän talyplaryň okuwyň ilkinji ýylynda dil öwreniş bölüminde dil taýýarlyklaryny düýpli kämilleşdirýändiklerini, okuwyň ikinji ýylynda ulaldylan toparlarda umumy bilim alýandyklaryny, üçünji okuw ýylynda bolsa talyp ýaşlara öz zehinine we bilim-başarnyklaryna görä hünär saýlamaga mümkinçiligiň döredilýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Çünki bu täzeçillik dünýäniň ösen tejribelerine doly laýyk gelip, milli terbiýe ulgamy bilen berk sazlaşýar.
Görnüşi ýaly, halkymyzyň köpasyrlyk baý medeni mirasy, pelsepewi garaýyşlary we nesilden-nesle geçip gelen asylly däp-dessurlary ýaş nesliň milli terbiýesiniň berk binýadyny emele getirýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda terbiýäniň görnüşiniň esasynda ýaşlaryň aňyna maşgala mukaddesligini sarpalamak, zähmetsöýerlik we halallyk ýaly ahlak gymmatlyklarynyň ornaşdyrylmagy olaryň geljekde kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde möhüm şertler bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaşuly nesliň wekilleri bilen geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary ýaşlaryň watançylyk duýgularyny has-da artdyryp, olaryň kanunçylyk namalaryna ak ýürekden wepaly bolmaklaryna uly itergi berýär. Sebäbi watansöýüjilik duýgusy ýokary ahlak gymmatlyklaryndan, kämil ahlak garaýyşlaryndan gözbaş alýar. Watana söýgi ömür-örküňi dogduk topragyňa örklemekdir. Watana söýgi pederleriň ýörän ýoluny mynasyp dowam etdirmekdir, geljek nesillere ýetirmekdir. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle belleýär: «Watany söýmek, bu — Watanyň asudalygy, abadanlygy, arassalygy, gözelligi, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmek, yhlas etmekdir. Watan özüne siňdirilen söýgüden ylham, boý alýar. Watan söýgüsi bilen ülkeler, ýurtlar abadan bolýar. Watana bolan söýgimiziň beýikliğine görä, adamyň döredijilik zehini oýanýar, artýar. Watany söýmekde, mukaddes topraga wepaly bolmakda taryhy şahsyýetlerimiziň bitiren işleri, amallary bize görelde mekbedidir».
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Çeşmesi: Mugallymlar gazeti

