«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» tassyklanylmagy ýurdumyzyň durnukly ösüşini pugtalandyrmagyň, milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini artdyrmagyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Ol Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda maksatnamalaýyn esasda dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny, rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biri-de 2030-njy ýyla çenli Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylmagyny hem-de öňde goýlan wezipeleriň we çäreleriň durmuşa geçirilmegini gazanmakdan, hasabatlylygy kämilleşdirmekden ybarat. Şonuň üçin-de 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň durnukly depginlerini saklamaga, maliýe we durmuş durnuklylygyny, maýa goýum işjeňligini üpjün etmäge, bazar gatnaşyklary esasynda ykdysadyýetiň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen, durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan çäreler amala aşyrylar.
Maksatnamada bazar ykdysadyýetiniň özgerýän şertlerine laýyklykda döwlet dolandyryş ulgamy kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we ähli pudaklaryň senagat-innowasion taýdan durnukly ösüşini, bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek boýunça oňyn netijeleri gazanmak, ýurduň, sebitleriň ykdysady kuwwatyny berkitmek göz öňünde tutulýar. Onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ilatymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşy üpjün ediler, ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylar hem-de Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça işler dowam etdiriler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş üpjün edilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly üçin kabul edilen maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipelerdir çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini kepillendirýär. Onda kesgitlenişi ýaly, ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmegiň ugurlary döwlet dolandyrylyşynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, döwletimiziň baý tebigy, zähmet, maliýe serişdeleriniň rejeli, netijeli ulanylmagy, ykdysadyýetiň pudaklarynyň işjeňliginiň üpjün edilmegi, önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy, dürli ugurlarda hususy ulgamyň önümçilikleriniň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara hem-de döwrebap senagat, önümçilik taslamalaryna maýa goýumlaryň artdyrylmagy we geriminiň giňeldilmegi bilen bagly bolup durýar. Ykdysadyýeti toplumlaýyn esasda durnukly ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşi üpjün ediler.
«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistan tarapyndan kabul edilen wezipelerini nazara almak bilen, degişli maglumat binýadyny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan halkara standartlara we milli ykdysadyýeti dolandyrmagyň talaplaryna laýyk gelýän, ýokary hilli statistiki maglumatlary öz wagtynda we doly möçberde ýygnamak, işlemek, ýaýratmak, ýurtda resmi statistikanyň guralyşyny kämilleşdirmek boýunça işler döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdiriler.
Diýarymyzda Durnukly ösüş maksatlarynyň bilim binýady hem berkidilýär. Şanly ýylda bilim ulgamynyň ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler dowam etdiriler. Ýurdumyzyň bilim ulgamy mundan beýläk hem hil taýdan kämilleşdiriler, durnukly ösüş ýörelgesi boýunça ösdüriler. Bu ulgamda iň gowy dünýä nusgalaryna laýyklykda özgertmeler dowam etdiriler.
Ýurdumyzyň sebitleri hem durnukly ösüşe eýe bolup, olaryň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş syýasatynda sebitleriň ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini gazanmak, welaýatlarda innowasion häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmek, olary dünýä bazaryna çykarmak, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, daşky gurşawy goramak, ýaşaýyş-durmuş, inžener üpjünçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejede ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Umuman, gürrüňi edilýän maksatnamanyň amala aşyrylmagy 2026-njy ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam berer.
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

