Ýanwar 08, 2026

/

760

Bedenterbiýäni we sporty goldamak

Türk­me­nis­tan­da ila­ty­ň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­mak hem-de ös­dür­mek, türk­men spor­tu­ny dün­ýä çy­kar­ma­ga gö­nük­di­ri­len wezipeler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Äh­li sport ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da küşt, şaşka spor­tu­na hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rilýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda küşt, şaşka spor­ty boýunça bäsleşikler guralyp, olaryň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenildi. Baýrakly orunlary eýelän professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar sylaglanyldy.

Ýaryşa gatnaşan professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde geçirilen ýaryşyň ýokary derejesini hem-de ony geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri uly guwanç we höwes bilen aýratyn nygtadylar.