Ýanwar 12, 2026

/

1273

Kitap – bilimiň açary

2026-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp gymmatly eserleriniň ähmiýeti barada “Kitap – bilimiň açary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat duşuşygynda uniwersitetiň professor-mugallymlary Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp gymmatly eserleriniň üsti bilen Watany söýmegi, türkmene mahsus edep-terbiýäniň iň gowy nusgalary, asyrlar boýy aşyp gelýän milli aýratynlyklary, edilýän döwletli işleriň ählisi ýaşlar üçin durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň üstünliklere beslenýändigi barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda uniwersitetiň professor-mugallymlary Watanyň gymmatyna düşünmekde, watansöýüjiligiň iň belent ruhunda terbiýelemäge niýetlenen gymmatly ajaýyp kitaplary türkmen halkyna sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.