BINAGÄRLIK-GURLUŞYK IŞEWÜRLIGI FAKULTETI
Türkmenistanda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler, iri taslamalar we şähergurluşyk maksatnamalary ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda zähmet çekýän hususy binagärler diňe gurluşyk işleriniň ýerine ýetirijisi bolman, eýsem, täze gurluşyk materiallary, gurluşygy alyp barmakda innowasiýalary we ýokary hil standartlaryny ornaşdyrýan döredijilikli güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymzyň ylmy pragmatizme ýugrulan syýasatynyň we ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagyna berýän goldawlarynyň netijesinde, ýurdumyzyň telekeçileri dürli ugurlar boýunça gurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyrýarlar. Şol sanda halkara howa menzilleri, awtomobil ýollary, mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, ýaşaýyş jaý toplumlary, obadyr şäherçeler, işewürlik, söwda dynç alyş merkezleri hem-de senagat desgalary gurulýar. Gurluşyk pudagy zähmet serişdeleriniň iň köp çekilýän ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary ussat binagärleri, ýüzlerçe gurluşyk inženerlerini, köpugurly ussalary, dizaýnerleri we öz hünärine ökde hünärmenleri talap edýär. Şu nukdaýnazardan hem, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde ýurdumyzyň gurluşyk pudagy üçin ýokary bilimli hususy binagär telekeçileriň, işewürleriň we ussat arhitektorlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň, dizaýnerleriň hem-de hünärmenleriň ýetişdirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu işleri amala aşyrmak üçin uniwersitetde talyplar binagärlik, binagärlik gurşawynyň dizaýny, senagat we raýat jaý gurluşygy, gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek ýaly taýýarlygyň ugurlary boýunça bilim alarlar.

