Ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagynyň, şol sanda telekeçilik we işewürlik gurşawynyň kuwwatyny has-da artdyrmak, täze önümçilik kärhanalaryny yzygiderli gurmak, olara ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrmak we olardan baş çykarýan, ýokary bilimli ussat ýaş hünärmenleri, telekeçileri we işewürleri ýetişdirmek, şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PP-543 belgili Permany bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi.
Esaslandyryjysy Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bolan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ilkinji we ýeke-täk ýokary okuw mekdebi bolup, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 12-nji maýyndaky 1364-nji Karary bilen tassyklanan «Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama» laýyklykda hereket edýär. Döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda, şol ýylyň 19-njy iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Görogly köçesiniň 185-nji jaýy salgysynda düýbi tutulan bu bilim ojagy binagärligiň milli we döwrebap ýörelgeleri esasynda bina edilip, onuň gurluşygynda ýokary innowasiýalar, sanly serişdeler işjeň peýdalanyldy. Şeýle-de ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň enjamlaşdyrylyşynyň döwrebap derejede bolmagyna aýratyn üns berlip, okuw otaglarydyr ýörite tejribehanalar iň kämil tehnologiýalar, kompýuterler, innowasiýalara daýanýan barlaghana enjamlary bilen doly üpjün edildi. Munuň özi uniwersitetiň pedagogik düzümine okuwlary ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti esasynda guramaga hem-de alyp barmaga, şeýlelikde, talyplaryň amatly we oňaýly şertlerde ýokary hilli hünär bilimini almagyna, öz hünär ugurlarynyň inçeliklerini kämil derejede özleşdirmeklerine, şol bir wagtda, ylmy gözlegleri amala aşyrmagyna mümkinçilik berer.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň umumy meýdany 8 gektara barabar bolup, täze binalar toplumy 2720 talybyň ýokary hünär bilimini almagy üçin niýetlenendir. Çünki onuň çäginde 9 gatdan ybarat bolan baş bina we onuň iki tarapynda 6 gatly 4 sany okuw binalary, hersi 300 orunlyk 2 sany umumy ýaşaýyş jaýlary hereket edýär. Bu ýerde kitaphananyň, naharhananyň, ýapyk we açyk sport desgalarynyň bina edilmegi ýaşlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini, hususan-da, okuw sapaklaryny göwnejaý özleşdirmeklerini, boş wagtlarynda sport bilen meşgullanmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini üpjün eder. Mundan başga-da, täze ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň çäginde 800 orunlyk mejlisler zaly we beýleki kömekçi desgalar guruldy. Uniwersitetde jemi 26 sany internete birikdirilen kompýuter otaglary, 10 sany lingafon otaglary, 42 sany tejribehanalar, 143 sany umumy we amaly okuw otaglary gurulyp, olar döwrebap enjamlaşdyryldy. Uniwersitetiň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp baryldy.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti, işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalyk işewürligi, sanly tehnologiýalar, binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri, şeýle hem, bu fakultetleriň düzümine girýän 14 sany kafedralar we 42 sany tejribehanalar hereket eder. Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygy esasynda amala aşyrmak bilen bilen, onda okuwlar tölegli esasda türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, önümçilik we işewürlik kärhanalary we kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtlaryň professor-mugallymlarynyň, ussat hünärmenleriniň sapak bermek işi ýola goýlar. Okuwlar esasan hem amaly maksatly we tejribä gönükdirilen görnüşinde alnyp barlar. Bu babatda ýurdumyzyň hususy pudagynda, şol sanda önümçilikde zähmet çekýän ussat telekeçileriň we işewürleriň talyplara bilim bermekleri, sapaklaryň dowamynda önümçilikde ýüze çykýan amaly meseleleri çözmegi öwretmekleri ýola goýlar. Okuwlaryň umumy dowamlylygy bäş ýyla barabar bolup, talyplar okuwa kabul edilende belli bir taýýarlygyň ugruna, ýagny hünäre kabul edilmän, eýsem bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna okuwa kabul edilerler. Bu bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlary bir wagtda taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny öz içine alýar. Şonuň üçin talyplar ilki bilen bir ýyllap türkmen we iňlis dilleri boýunça dil taýýarlygyny geçerler. Soňra birinji okuw ýylynyň dowamynda (ikinji ýyly) bakalawr maksatnamasy boýunça öz içine taýýarlygyň birnäçe ugurlaryny alýan bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna degişli hökmany we umumy dersler boýunça bilim alarlar. Şeýlelik-de, talyplar birinji okuw ýylynyň ahyrynda, öz isleglerine we esasan-hem okuwlaryna ýetişigine görä bilim ulgamlarynyň ulaldylan toparlaryna girýän taýýarlygyň degişli ugruny saýlarlar. Soňra talyplar ikinji okuw ýylyndan (üçünji ýyly) okuwlaryny özleriniň saýlan taýýarlygyň ugruna degişli ýörite we saýlama dersler boýunça bilim almak bilen dowam ederler. Şunluk bilen, talyplar ikinji, üçünji we dördünji okuw ýyllarynda (üçünji, dördünji we bäşinji ýyllar) taýýarlygyň belli bir ugruna ýöriteleşip, üçünji okuw ýylynyň ahyrynda ýyllyk ylmy işini, dördünji okuw ýylynyň ahyrynda önümçilige gönükdirilen diplom işini taýýarlap, ony döwlet synag toparynyň öňünde goramak bilen, öz saýlan ugry boýunça bakalawr derejesini alarlar.

