Ýanwar 28, 2026

/

317

Wepadarlygyň nyşany

Müňýyllyklaryň dowamynda bedew atlar halkymyzyň hemrasy, iň ýakyn syrdaşy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da kuwwatyň nyşany bolman, eýsem, wepalylygyň we dostlugyň hem nyşanydyr. Ýyndamlygy, gözelligi bilen tapawutlanýan ahalteke bedewiniň keşbi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar.

Nusgawy edebiýatymyza ýüzleneniňde hem halkymyz üçin bedew atyň ähmiýeti neneňsi uly bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa mysal edip, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň: «Müneňde şaý bolsa tükel esbaby, // Tagty – Süleýmandyr üsti bedewiň» diýlen setirler bilen başlanýan ajaýyp goşgusy mysal getirmek bolar.

Ýurdumyzda her bir ýyla döwrebap at dakmak asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyryldy we onuň resmi nyşany tassyklanyldy.

Şu ýylyň şygary Watanymyzyň, halkymyzyň beýik maksatlara bolan ynamyny we ösüş ýolundaky tutanýerliligini beýan edýär. Bedew at türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, okgunly ösüşiniň nyşanydyr.

2026-njy ýylyň nyşanynda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijeliligini, jemgyýetimiziň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini hem-de geljege bolan ynamyny görmek bolýar. Şeýle-de ol ykdysady, medeni we ruhy ösüşlere gönükdirilen belent maksatlary aňladýar.

2026-njy ýyl ýurdumyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy baýram ediler. Şeýlelikde, 2026-njy ýylda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar ata Watanymyzda her bir tutumly işiň rowaçlyga beslenjekdigine ynam döredýär. Behişdi bedewlerimiziň bady ýaly, ýurdumyzyň ösüşi mundan beýläk hem belent menzillere nazarlasyn! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Abraý PIRKAKAÝEW,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.