Ýanwar 27, 2026
310
Belent özgertmeleriň rowaçlanýan häzirki döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler halkyň bähbidini, ýurdumyzyň ösüşlerini nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, belent üstünlikler gazanylýar. Eziz Diýarymyzda durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele gelýär. Täze taryhy döwürde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» durmuşa geçirilip, iň döwrebap mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde maksatlaýyn işler ýola goýulýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylymyzda hem halk hojalygynyň ähli ugurlarynda maksatlaýyn işler amala aşyrylýar. Rysgal-berekede, abraý-mertebä beslenip gelýän her bir günümiz agzybir, jebis halkymyzy ajaýyp baýramçylyga, durnukly ösýän ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýuna golaýlaşdyrýar. Pähimdar ata-babalarymyzyň mizemez ýörelgelerini dowam edip, ähli halkymyz agzybirlikde bu şanly senäni belentden dabaralandyrmak ruhunda tutanýerli zähmet çekip, zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Il-gün, döwlet bähbidini nazarlaýan beýik işleriň tutumynda halkymyz agzybir bolup, ençeme günläp toý tutmagyň nusgasyny miras galdyrypdyr. Dana pederlerimiziň şeýle asylly däpleri häzirki ajaýyp zamanamyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrmakda täze röwşe eýe bolup, ýaş nesillere nusgalyk ýörelgedir. Mälim bolşy ýaly, şu şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinden eziz halkymyz toý-baýrama ruhubelentlik bilen barýar, täze zähmet üstünliklerine ruhlanýar.
Her ýylda ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly binalaryň we desgalaryň gurluşygy tamamlanyp, halkyň hyzmatyna berilýär. Durmuş-ykdysady, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi maksatly şol desgalaryň ençemesi ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde guruldy. Şeýle beýik işler il-halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde amala aşyrylýar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde tutuş ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylýan uzak möhletleýin ösüşi nazarlaýan maksatnamalar hormatly Prezidentimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli taglymatynda her bir adamyň eşretli ýaşaýşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegi hem-de öňde durýan wezipeleriň çözgüdine täzeçil çemeleşmek esasy şertleriň biri bolup durýar. Şeýle-de halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynda döreden we umumadamzat genji-hazynasyna öwrülen ruhy hem-de maddy gymmatlyklaryny tutuş adamzada wagyz etmek hem aýratyn ugurlaryň biri bolup öňe çykýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkymyzyň asylly ýörelgelerini wagyz etmek, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp etmek bagtyýarlygyň nusgasydyr. Çünki ýurdumyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy belent waspnama eýedir. Şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýa RAHMANOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň uly mugallymy.

