Ýanwar 28, 2026
308
DÖWREBAP PLATFORMANYŇ AÝRATYNLYKLARY
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp ýaşlarynda uly gyzyklanma döretdi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde «Business Arena Global» halkara sanly platformasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu ýerde kompaniýanyň ýolbaşçysy Aýlar Hojamuhammedowa talyplary hem-de mugallymlary işewürligiň sanlylaşdyrylmagynyň täze mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
Kärhananyň ýolbaşçysy telekeçiligiň şahsy katalogy bolan platformanyň aýratynlyklary hakynda gürrüň berdi. Hakykatdanda, mobil goşundynyň ornuny tutýan ajaýyp platforma kompaniýalaryň alyp barýan işleriniň beýanyny, önümlerini, harytlaryny hem-de hyzmatlaryny bir giňişlikde utgaşdyrmak bilen, täsirli başlangyç hökmünde işewürlik dünýäsiniň wekilleriniň üns merkezinden ornuny tapýar. Türkmenistanda döredilen platformada diňe türkmen işewürleriniň mümkinçilikleriniň däl, eýsem, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan, Russiýadan, Özbegistandan, Eýrandan we beýleki döwletlerden bolan kompaniýalaryň hem maglumatlarynyň ýerleşdirilmegi bolsa onuň halkara derejesinde ähmiýet berilýän sanly taslamadygyny tassyklaýar. Şonuň üçin hem ajaýyp platforma hyzmatdaşlaryň, maýa goýujylaryň we işewürleriň uly toparynyň ünsüni çekdi. Olar bu taslamany halkara bazaryna çykmak üçin netijeli gural, ähmiýetli serişde hasaplaýarlar.
«Business Arena Global» platformasy hereket eden birinji ýylynda 4 milliondan gowrak internet tory arkaly görüldi. Bu bolsa oňa halkara jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanmanyň we ynamyň bardygyny tassyklaýar.
Halkara sanly platformanyň mümkinçilikleri tanyşdyryş çäresine gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Talyp ýaşlaryň kompaniýanyň ýolbaşçysy Aýlar Hojamuhammedowa berýän sowallary ähmiýetli taslamanyň olarda uly täsir galdyrandygyny görkezdi. Olar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryň ählisine degerli jogaplary aldylar.
Işjeňlik ýagdaýynda geçen tanyşdyrylyş çäresinde Watanymyzda senagatçylaryň we telekeçileriň netijeli işlemegi, önümçilik ugurlaryny kämilleşdirmegi ugrunda berilýän goldawlaryň ähmiýetine hem aýratyn orun berildi. Şunda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda hususy pudagyň hasda uly ösüşlere eýe bolmagy ugrundaky aladanyň beýanydyr. Şeýle beýik işleriň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözleri çärä gatnaşyjylaryň dilleriniň senasyna öwrüldi.
«RYSGAL»

