Hünär taýýarlygy — möhüm talap

Decorative element

Ýanwar 31, 2026

/

102

Hünär taýýarlygy — möhüm talap

Hünär taýýarlygy — möhüm talap

Ýaşlaryň döwrebap bilimleri öwrenmegi hem özleşdirmegi üçin zerur bolan şertleri döretmek döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurduň dürli pudaklarynda häzirki döwrüň öňümizde goýýan wajyp wezipelerini amal etmegiň möhüm şertidir.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilmegi, onuň döwrebap binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orun aldy. Bu ýerde täze hünär ugurlaryna ýöriteleşen ýaşlar taýýarlanylyp, olar geljekde telekeçiligi, önümçiligi, elektron söwda gatnaşyklaryny, işewürlik strategiýalaryny, eksport amallaryny ilerletmäge öz goşantlaryny goşarlar.

Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebinde talyp ýaşlara daşary ýurt dilleri has giňişleýin öwredilýär. Uzagyndan olaryň öňdebaryjy ýurtlaryň tejribelerini özleşdirmekleri üçin dil öwreniş boýunça zerur sapaklar geçilýär. Bu diňe bir dünýä tejribesini öwrenmek üçin däl-de, eýsem, daşary ýurtlardan gelip okatjak professor-mugallymlar bilen erkin pikir alyşmakda hem örän ähmiýetli bolar. Dil taýýarlygy işewürlik gatnaşyklarynda, halkara söwdanyň çeýe alnyp barylmagynda hem wajyp bolup durýar. Mysal üçin, häzir iňlis dili diňe bir daşary ýurt dili däl-de, işewürligiň ählumumy gatnaşyklar ulgamyny döredýän şert bolup hyzmat edýär. Şol sebäpdenem, işewürlik üçin iňlis dilini (Business English) öwrenmek bu ugurda işlejek islendik hünärmen, aýratyn-da, telekeçilerdir işewürler üçin hökmanydyr.

Biz bilim ojagymyzda sapaklary döwrüň öňdebaryjy bilim ulgamlaryna, okuw-usuly ýörelgelerine, tehnologik okuw enjamlaryna esaslanyp alyp barýarys. Nesip bolsa, ýene sanlyja ýyldan bu ýerde bilim alýan talyp ýaşlar türkmen işewürligini täze sepgitlere çykarjak, önümçiligi we telekeçiligi halkara derejede ösdürmäge giňden ýardam etjek ökde hünärmenler bolup ykdysadyýetimiziň degişli pudaklarynda işe başlarlar. Ýokary amatlyklar bilen üpjün edilen bilim ojagynda zähmet çekmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Aýlar UWDIÝEWA,

 Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy.