Ýaş telekeçiligi ýola goýmakda döredilýän mümkinçilikler

Decorative element

Dekabr 23, 2025

/

1523

Ýaş telekeçiligi ýola goýmakda döredilýän mümkinçilikler

Gahryman Arkadagymyzyň “Biziň öňümizde milli ykdysadyýeti güýçli depginler bilen ösdürmek boýunça giň gerimli strategik wezipeler durýar. Bu maksatlara ýetmek üçin telekeçiligi goldamak, telekeçileriň hukuklaryny goldamak üçin yzygiderli işler dowam etdirilýär. Hususy pudaga şeýle goldawy bolsa diňe kuwwatly, adalatly we durnukly ösýän döwlet berip biler” diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýaş telekeçileri ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen telekeçileri ýokary hilli azyk, gurluşyk, beýleki önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde uly işleri bitirýär.

Dekabr aýynyň 20-sine Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Galkynyşlar zalynda ýaş telekeçiligi ýola goýmaga, talyp ýaşlaryň saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek maksady bilen ýurdumyzda ýokary hilli çaphana we bezeg işlerini etmekde hyzmat edýän “Nurana ekizler” hususy kärhanasynyň hünärmeni bilen tejribe alyşmak sapagyny gurnadylar. Döwrebap pikirleri we uly tejribeli, edýän işleri bilen tapawutlanýan “Nurana ekizler” hususy kärhanasy 2020-nji ýyldan bäri hereket edip, sahnalarda, açylyş desgalarynda, sergilerde peýdalanyp boljak çaphana we bezeg işlerini taýýarlamagyň ýollary barada söhbetdeşlik gurady. Söhbetdeşligiň dowamynda uniwersitetiň talyp ýaşlaryny gyzyklandyrýan soraglar: telekeçilik işiniň ilkinji başlangyçlary, telekeçilik işi üçin ideýanyň orny, telekeçiniň öz maksadyna ýetmegi, telekeçi bilen alyjynyň arasyndaky gatnaşygyň amala aşyrylmagy, telekeçilikde mahabatlandyrmak işi, telekeçiligi ösdürmekde döredilýän mümkinçilikler barada çykyşlar edilip, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýji hasaplanýandygyny belläp geçdiler.