Iýun 02, 2026

/

19

DIL — DÖWLETLILIK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki dil daşary döwletler bilen özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda aragatnaşygyň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dürli ugurda barha giňeldýän we ösdürýän işjeň gatnaşyklary dünýä dillerini öwrenmegi has-da kämilleşdirmegi, onuň döwrebap usullaryny özleşdirmegi talap edýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda türkmen diliniň döwlet dili hökmünde berkidilmegi onuň ösüşinde berk hukuk binýadyny döretdi. Türkmen diliniň döwlet dili bolmagy halkymyz üçin uly buýsançdyr. Döwletlilik bilen diliň arasynda pugta baglanyşyk bar. Döwletiň howandarlygyndaky dil ösüşe we döwrebaplaşmaga mümkinçilik alýar. Häzir dünýäde 7 müňden gowrak dil bar. Her bir dil özboluşly taryhy, medeniýeti, dünýägaraýşy bolan halkyň ruhy baýlygydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolup durýan garaşsyz döwletleriň sany bolsa bary-ýogy 193-e barabardyr. Bu ýagdaý dünýäde bar bolan müňlerçe diliň diňe örän az böleginiň döwlet dili derejesine eýe bolup bilendigini görkezýär. Milletiň öz diliniň döwlet dili bolmagy — munuň özi uly abraý, uly jogapkärçilik hasaplanýar. Sebäbi döwlet dili diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, döwletliligiň, garaşsyzlygyň, milli bitewüligiň we jemgyýetçilik durnuklylygynyň esasy sütünleriniň biridir. Halkyň taryhynyň, hakydasynyň, däp-dessurlarynyň dowamat-dowamlygy diliň goraglylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmen dili döwlet dili hökmünde dolandyryşda, bilim ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ylmy işlerde giňden ulanylýar. Bu bolsa diliň döwrebap häsiýetde ösdürilmegini hem şertlendirýär. Biz ene dilimizi gorap saklaýarys we baýlaşdyrýarys. Ene diliňe bolan hormat watançylyk duýgusynyň aýrylmaz bölegidir. Şol bir wagtyň özünde häzirki ählumumy şertlerde daşary ýurt dillerini öwrenmek hem döwrüň derwaýys talaby bolup durýar. XXI asyrda dünýä ykdysadyýeti, ylmy-tehniki ösüş we maglumat alyş-çalşygy halkara dillere daýanýar. Şunda iňlis diliniň halkara ylmyň, tehnologiýanyň, ykdysadyýetiň we telekeçiligiň esasy aragatnaşyk serişdesi bolup durýandygy mälimdir.

Häzirki wagtda iňlis dilinde 1,75 milliarddan gowrak adam gürleýär, onuň 400 milliondan gowragy bu dili ene dili hökmünde ulanýar, internet maglumatlarynyň, takmynan, 75 göterimi iňlis dilindedir. Halkara ylmy makalalaryň 80 göterimden gowragy iňlis dilinde çap edilýär. Bu dil häzirki wagtda halkara ykdysadyýetiň, telekeçiligiň, diplomatiýanyň, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň esasy aragatnaşyk serişdesine öwrüldi. Şonuň üçin Türkmenistanda hem ýaşlaryň iňlis dilini öwrenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda eýeçiligi döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi bolan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýokary okuw mekdebinde ýaşlar diňe bir hünär bilimini däl, eýsem, halkara işewürlikde zerur bolan dil başarnyklaryny hem ele alýarlar. Häzir uniwersitetde okadylýan daşary ýurt dilleriniň arasynda iňlis dili öňdebaryjy dil hasaplanýar. Uniwersitetimizde iňlis dili ýaşlara döwrebap usullar arkaly öwredilýär. Bu olaryň halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyply bolmagyna şert döreder.

Statistiki maglumatlara görä, daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlaryň iş bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy 2-3 esse ýokary bolýar, olar halkara taslamalara gatnaşmaga, şeýle hem daşary ýurtlarda bilimlerini dowam etdirmäge has uly mümkinçilik alýarlar. Şeýlelikde, ene dilini gorap saklamak bilen bir hatarda, dünýä dillerini öwrenmek biri-biriniň üstüni ýetirýän gymmatlyklardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem «Köp dil bilen köp biler» diýilýär. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini bilmek diňe şahsy üstünlik bolmakdan daşgary, ýurduň ösüşine mynasyp goşant goşmak üçin-de zerurdyr.

Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek babatda uly tagallalar edip, ýaşlara giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, asylly başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Aýlar UWDIÝEWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy.

Çeşmesi: Türkmenistan gazeti