Sportdaky jogapkärçilik duýgusy

Decorative element

Maý 25, 2026

/

462

Sportdaky jogapkärçilik duýgusy

Sport äleminiň muşdaklary hokkeý, futbol we tennis ýaly dürli oýunlarda gyzykly bir ýagdaýy belleýärler: köp halatlarda türgenler duşuşygyň ykbalyny ýa ilkinji 5 minutda, ýa-da iň soňky 5 minutda çözýärler diýen pikiri öňe sürýärler.

Munuň düýp sebäbi, türgenleriň diňe bir fiziki taýýarlygy bilen çäklenmän, eýsem, bäsleşigiň iň gyzgalaňly pursatlarynda ruhy durnuklylygy saklap bilmek ukybyna baglydyr. Sebäbi ynsan diňe bir maddy bedenden ybarat bolman, eýsem, şol bedeni dolandyrýan akyl-paýhasyň jemidir. Şol sebäpli hem professional sport toparlarynda her bir türgeniň psihologik ýagdaýyna gözegçilik edýän, oýunçylaryň arasyndaky düşünişmezlikleri sazlaşdyrýan we toparyň bitewüligini üpjün edýän ýörite psihologlar işleýärler.

Oýnuň başyndan başlap, öňe saýlanýan toparyň agzybirligi we birek-birege bolan düşünişmegi derrew göze ilýär. Bu sazlaşyk, ilkinji nobatda, türgenleriň ruhy taýdan kämil taýýarlyk görendiginiň subutnamasydyr. Emma köplenç ýeňijiniň kimdigi diňe iň soňky pursatlarda aýdyň bolýar. Şeýle pursatlarda türgenler täze bir galkynyş bilen, garşydaşyň derwezesine yzly-yzyna güýçli hüjümler amala aşyrýarlar. Bu uly tutanýerliligiň we gyzgalaňly badyň esasynda bolsa tälimçiniň ynamy, janköýerleriň söýgüsi we sportçynyň öz öňündäki belent jogapkärçiligi dayanýar. Hut şu duýgular topary bütin bir güýç hökmünde birleşdirýär.

Hünärmenler tarapyndan ýüzlerçe duşuşyklarda geçirilen seljermeler esasynda, ýeňijilere mahsus bolan birnäçe esasy ýörelgeler kesgitlenildi:

Birinjiden, bäsleşik meýdançasyna çykmazdan we garşydaş bilen ýüzbe-ýüz bolmazdan ozal, öz öňüňde anyk maksat goýmak örän möhümdir. Aslynda, bu maksatnamany möwsüm başlamanka kesgitlemek has-da netijelidir. Köpler ýeňiş gazanmagyň esasy maksatdygyny tassyklaýan bolsalar-da, oýun pursatynda nämüçindir ünsüni başga tarapa sowýarlar. Şol sebäpli, maksadyňyzy takyk kesgitläň we oňa ýetmek baradaky oý-pikirleriňizi hemişe diri saklaň.

Ikinjiden, her bir türgen islendik şowsuzlygyň ýa-da ýeňlişiň düýp sebäbiniň, ilkinji nobatda, özüdigini doly kabul etmelidir. Şowsuzlygy tälimçiniň meýilnamasyndan, garşydaşyň artykmaçlygyndan ýa-da oňaýsyz howa şertlerinden gözlemek diňe özüňi aldamakdyr. Hakyky ösüş diňe öz kemçilikleriňe dogry baha beren wagtyň başlanýar.

Üçünjiden, ýeňilmekden çekinmeli däldiris, sebäbi her bir şowsuzlyk bize gymmatly tejribe berýär. Eger biz goýberilen ýalňyşlyklardan sapak alyp bilsek, iň pes netije hem ösüşe hyzmat eder. Çünki ýeňişe barýan ýol, şowsuzlyklardan çykarylan dogry netijelerden başlanýar.

Abdylla Orazberdiýew

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.