Maý 25, 2026

/

455

Geň galdyrýan sport ýaryşlary

                    Geň galdyrýan sport ýaryşlary

Sepaktakraw, bossabol, şahboks... Ýalňyş okandyryn öýtmäň, bular klawiaturada tötänleýin basylan harplar däl. Bular dünýäniň dürli künjeklerinde müňlerçe janköýeri bolan, resmi ýaryşlary we dünýä çempionatlary geçirilýän hakyky sport görnüşleridir. Eger siz sport diňe adaty futbol ýa-da basketboldan ybaratdyr öýdýän bolsaňyz, bu sanaw sizi haýran galdyrar:

Suwasty hokkeý

Hokkeý diňe buz üstünde oýnalýar öýdýän bolsaňyz, ýalňyşýarsyňyz! "Suwasty hokkeý" — bu adaty sport düşünjelerini üýtgedýän geň hem-de gyzykly oýunlaryň biri. Bu sportuň esaslandyryjysy daýwing boýunça amerikan instruktory Alan Beýkdir. Oýnuň kadasy ýönekeý ýaly görünse-de, ýerine ýetirilişi diýseň çylşyrymly: türgenler suwuň düýbündäki derwezä şaýbany geçirmeli. Buz üstündäki hokkeýden tapawutlylykda, bu ýerde klýuşkalar bary-ýogy 30 santimetr. Ýagny, adaty klýuşkalardan 5 esse gysga! Her tarapda 6 sany esasy oýunçy bolup, ýene 4 sanysy suwuň ýokarsynda öz gezegine garaşýar. Suwuň güýji adamlaryň fiziki agramyny deňleýär. Şonuň üçin jynsyna, ýaşyna ýa-da güýjüne garamazdan, her kim bu oýunda deňhukukly bäsleşip bilýär. Suwasty hokkeý häzirki wagtda dünýäde durnukly ösýär. Eýýäm dünýä ýüzünde 228 sany professional klub bu sport bilen işjeň meşgullanýar.

Sepaktakrau

Bu sport görnüşi täze däl, onuň taryhy has gadymy döwürlere daýanýan — XV asyryň golýazmalarynda eýýäm bu täsin oýun barada agzalyp geçilýär. Bu futbolyň çalasynlygy bilen woleýbolyň düzgünlerini birleşdirýän özüne çekiji bir sport utgaşmasydyr. Oýunçylaryň meýdançada görkezýän tilsimleri islendik adamy haýrana goýup bilýär. Türgenler topy garşydaşyň toruna geçirmek üçin edil akrobatlar ýaly howada dürli öwrümleri we urgulary ýerine ýetirýärler. Topar üç adamdan ybarat bolup, olar topy el degirmezden, diňe aýaklary, dyzlary ýa-da kükrekleri bilen tordan aşyrmaly. Oýunda bary-ýogy 180 gram agramy bolan, ýörite örülen ýeňiljek top ulanylýar.

Roller-derbi

Roller-derbi — bu tigirçekleri jübütleýin ýerleşdirilen roliklerde oýnalýan sportuň özboluşly görnüşidir. Ýaryş wagtynda gatnaşyjylar aýlaw boýunça sagat diliniň garşysyna uly tizlik bilen hereket edýärler. Oýunda esasy maksat — garşydaş toparyň goranyşyny böwsüp geçip, öňe saýlanmakdan ybaratdyr. Bu sportda esasan zenanlar bäsleşýärler. Her toparda 5 sany türgen bolup, tutuş duşuşyk iki sany ýarym sagatlyk tapgyra bölünýär. Roller-derbi dünýäsinde türgenleriň öz häsiýetini aňladýan dury we gazaply lakamlary ulanmaklary bolsa däp bolanhäsiýete eýedir.

Şahboks

Şahboks — bu diňe bir güýç däl, eýsem, akyl we strategiýa utgaşdyrylan täsin sport görnüşidir. Onuň taryhy Enki Bilalyň "Froid-Équateur" atly fantastik eserinden başlandy. Emma bu diňe bir kitap sahypalarynda galmady, golland suratkeşi we performansisti Ipe Rubing bu pikire şeýle bir aşyk boldy welin, ony hakyky sporta öwürdi we özi hem şahboksuň ilkinji dünýä çempiony adyny gazandy. Bu sport adamyň hem beden durnuklylygyny, hem-de ýiti zehinini bir wagtda synaga çekýär. Umumy 11 tapgyrdan ybarat bolup, täk tapgyrlarda küşt oýnalýar, jübüt tapgyrlarda bolsa boks ellikleri geýilýär. Ähli zat boks ringiniň içinde bolup geçýär. Garşydaşlar bir minutda biri-birine zarba urýan bolsalar, indiki minutda küşt tagtasynyň başynda sowukganlylyk bilen göçüm etmeli bolýarlar.

Ýeke tigirli hokkeý

Sportuň bu özüne çekiji görnüşiniň esasy aýratynlygy ýeke tigirli welosipedleriň ulanylmagydyr. Oýunçylar meýdançada şonuň kömegi bilen çalt hereket edýärler. Bu welosipedler gurluşy taýdan adaty sirk unisikllerine meňzeş bolsa-da, ulanylýan materiallarynyň durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Adatça, ýaryşlar ýapyk sport zallarynda guralýar. Oýun tekiz ýüzli meýdançada geçirilip, şaýbanyň ýerine tennis topy ulanylýar. Emma ulanylýan taýaklar we derwezeler edil buzda oýnalýan hokkeýdäki ýalydyr. Her toparda derwezebandan başga ýene 4 sany oýunçy bolýar. Iň gyzykly tarapy bolsa, derwezeban hem öz postuny unisikliň üstünde durup goraýar.

Haýdar Muhyýew

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.