Döwrebap sapak — geljege açylýan penjire

Decorative element

Iýun 02, 2026

/

27

Döwrebap sapak — geljege açylýan penjire

Mugallymçylyk kärinde köpýyllyk tejribäniň arkasynda duran iň uly hakykat — bu hemişelik kämilleşme we döredijilikli gözlegidir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw otaglarynda iňlis dili sapagyny okadanymda, men diňe bir dil kadalaryny öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, talyp ýaşlaryň halkara telekeçiligi we innowasion tehnologiýalar dünýäsine ynamly ädim ätmegini esasy maksat edinýärin.

Meniň sapak geçiş usulyýetimiň özeni — talyp sapagyň diňe bir diňleýjisi däl-de, eýsem onuň işjeň gatnaşyjysyna öwrülmegidir. Iňlis dilini okatmakda aragatnaşyk usullary we sanly tehnologiýalary utgaşdyryp ulanýaryn. Mysal üçin, talyplaryň söz baýlygyny artdyrmak üçin "Pikirleriň ýazmaça beýany" usulyndan peýdalanýaryn. Bu usul talyba diňe bir dogry gürlemegi däl, eýsem öz garaýyşlaryny iňlis dilinde pikir taýdan yzygiderli we täsirli beýan etmegi öwredýär.

Okuw otagynda sapagyň her bir minudy geljekki hünärmenleriň dünýä dillerini özleşdirip, halkara giňişliginde  bäsleşige ukyply bolmagyna gönükdirilendir. Sapakda çylşyrymly grammatiki düzgünleri durmuşy mysallar we sada düşündirişler arkaly bermäge çalyşýaryn. Bu bolsa talyplaryň dersi diňe bir ýat tutman, eýsem ony amalyýetde ulanmaga bolan höwesini artdyrýar.

Häzirki zaman mugallymy talybyň diňe bir bilim berijisi däl, eýsem onuň iň ýakyn maslahatçysy hem bolmalydyr. Meniň sapak geçiş usulyýetimde talyplaryň ynamyny gazanmak ilkinji orunda durýar. Sebäbi talybyň mugallyma bolan ynamy we erkin aragatnaşygy sapagyň has ýokary netijeli geçmegini üpjün edýär. Sapakda döredilýän "sorag-jogap" we "erkin pikir alyşma" gurşawy talyplaryň özüne bolan ynamyny berkidýär.

Biz uniwersitetimizde geljekki telekeçileri taýýarlaýarys. Şol sebäpli iňlis dili dersi talyplaryň halkara işewürlik gatnaşyklaryna, ylmy-innowasion meýillere çuňňur aralaşmagy üçin esasy gural bolup hyzmat edýär. Her bir talybyň zehinini ýüze çykarmak we ony dogry ugrukdyrmak mugallymçylyk käriniň iň belent derejesidir.

Sapakdan soňky pursatlar hem hünär işiniň bir bölegidir. "Şu günki sapakda haýsy innowasion usul has täsirli boldy?" diýen soragy öz-özüme bermek bilen, indiki sapagyň has-da kämil bolmagyna taýýarlyk görýärin.

Mugallymçylyk käri meniň üçin diňe bir sapak bermek däl, eýsem ýurdumyzyň beýik geljegine goşant goşjak mynasyp hünärmenleri taýýarlamakdyr. Men talyplaryň gözlerinde ylma bolan höwesi görenimde, saýlap alan kärimiň näderejede mukaddesdigine ýene-de bir gezek göz ýetirýärin.

Kümüş Abdyrasulowa,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň mugallymy.