Arhitekturanyň täsinligi: Gugenhaým muzeýi

Decorative element

Maý 25, 2026

/

450

Arhitekturanyň täsinligi: Gugenhaým muzeýi

Ispaniýanyň Bilbao şäherinde ýerleşýän Gugenhaým muzeýi, häzirki zaman binagärliginiň iň uly gözellikleriniň biri hasaplanýar. Arhitektor Frank Geriniň taslamasy esasynda 1997-nji ýylda açylan bu bina, diňe bir sungat ojagy däl, eýsem, şäheriň ykdysady we medeni durmuşyny bütinleý özgertmegi başaran simwolydyr.

Binanyň gurluşygynda titan, aýna we hek daşy ulanylypdyr. Onuň tolkun ýaly metal gatlaklaryndan ybarat görnüşi günüň şöhlesine görä reňkini üýtgedip, dury suwuň ýüzündäki balygyň teňnelerini ýatladýar. Bu özboluşly dizaýn dekonstruktiwizm akymynyň iň kämil nusgasy hökmünde dünýä taryhyna girdi.

Bu gurluşygyň töweregindäki suw howdanlary we ýalpyldawuk titan gatlaklary özara täsirleşip, töwerege üýtgeşik bir nur çaýýar. Bu gurluşyk diňe bir sowuk metal toplumy däl, eýsem, şäheriň ruhy we dury asmany bilen kämil sazlaşygy emele getirýär. Tebigy ýagtylygyň içki zallaryna paýlanyşy bolsa, myhmanlara erkinlik duýgusyny we ruhy rahatlygy bagyşlaýan täsin atmosferany döredýär.

Muzeýiň içinde dünýäniň iň meşhur suratkeşleriniň döwrebap eserleri sergilenýär. Şeýle-de bolsa, binanyň özi hem uly bir sungat eseri hökmünde her ýyl millionlarça syýahatçyny özüne çekýär. Gugenhaým muzeýi taryhy mirasyň we geljegiň tehnologiýasynyň binagärlik sungatynda nähili ajaýyp utgaşyp biljekdigini subut edýän haýrana galdyryjy gurluşykdyr.

Yhlas Akmyradow

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.