MAGLUMATLAR EÝÝAMY WE SANLY YKDYSADYÝET

Decorative element

Fewral 10, 2026

/

646

MAGLUMATLAR EÝÝAMY WE SANLY YKDYSADYÝET

Häzirki wagtda dünýä täze ösüş tapgyryna gadam basdy. Bu tapgyrda ykdysady ösüşiň esasy görkezijisi sanly mümkinçilikler, maglumatlary dolandyrmak ukyby we emeli aň tehnologiýalarydyr. Şonuň üçin sanly ykdysadyýet we emeli aň häzirki zaman dünýäsi bilen bir hatarda, Türkmenistanyň ösüş strategiýasynda hem möhüm orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň 30-njy ýanwarda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyp, onuň ýerine ýetirilmegi boýunça anyk çäreler meýilleşdirildi. Bu resminama ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ulanmakda uly ähmiýete eýe bolup, innowasiýa esasly işewürlik üçin hem giň ýol açdy.

XXI asyr maglumat eýýamy hökmünde häsiýetlendirilýär. Elektron söwda, sanly bank ulgamlary, onlaýn hyzmatlar, döwlet sanly platformalary we maglumat ulgamlary sanly ykdysadyýetiň esasy sütünleridir. Şonuň üçin-de, döwletimiz sanly infrastrukturany, maglumat ulgamlaryny, elektron hökümet we IT ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda sanly hyzmatlaryň giňeldilmegi, döwlet edaralarynda maglumat ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy we milli IT kärhanalarynyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegi emeli aňyň geljekde has giňden ulanylmagy üçin berk binýat döredýär.

Sanly ykdysadyýet — ykdysady gatnaşyklaryň, önümçiligiň, hyzmatlaryň we dolandyryşyň sanly tehnologiýalara esaslanýan görnüşidir. Oňa elektron söwda, sanly bank ulgamlary, onlaýn hyzmatlar, maglumat platformalary we awtomatlaşdyrylan önümçilik ulgamlary girýär. Bu ykdysady modelde maglumat esasy çeşme bolup durýar. Häzirki wagtda maglumatlaryň möçberi günsaýyn artýar. Olary diňe adam güýji bilen dolandyrmak mümkin däl. Şol sebäpli sanly ykdysadyýetiň doly işlemegi we ösüşi üçin emeli aň zerurlyk hökmünde ýüze çykýar.

Emeli aň — bu kompýuter ulgamlarynyň adam akylyna mahsus bolan pikirleniş, öwreniş, seljeriş we çözgüt tapmak ukyplaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligidir. Ol maglumatlary diňe saklamak bilen çäklenmän, olary seljerýär, tejribeden öwrenýär we täze ýagdaýlara uýgunlaşyp bilýär. Emeli aňyň binýady algoritmlerden, maglumatlar toplumyndan we güýçli hasaplaýyş mümkinçiliklerinden ybaratdyr.

Emeli aň sanly ykdysadyýetde birnäçe möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Ilki bilen, ol uly möçberdäki maglumatlary gysga wagtda seljerip, ykdysady taýdan möhüm netijeleri çykarmaga mümkinçilik berýär. Çuňňur öwrenme algoritmleri arkaly emeli aň bazar üýtgeşmelerini öňünden çaklamaga, töwekgelçiligi azaltmaga degişli nusgalary ýüze çykarýar. Bu mümkinçilikler ykdysadyýetde strategik ähmiýete eýedir. Emeli aň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrýar, çykdajylary azaldýar, täze hyzmatlary we bazarlary döredýär, innowasiýalaryň tiz ornaşmagyna ýardam edýär.

Emeli aň maliýe ulgamynda sanly özgertmeleriň esasy hereketlendirijisidir. Bank ulgamlarynda emeli aň arkaly karz amallarynyň töwekgelçiligi seljerilýär, galplyk ýagdaýlary anyklanýar, müşderi maglumatlary seljerilip, şahsylaşdyrylan hyzmatlar hödürlenýär, onlaýn bank hyzmatlary awtomatlaşdyrylýar. Bu ýagdaý banklaryň çykdajylaryny azaltmaga, hyzmatlaryň tizligini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de maliýe durnuklylygyny berkitmäge ýardam edýär.

Sanly ykdysadyýetde senagat hem täze görnüşe eýe boldy. Emeli aň bilen dolandyrylýan «akylly» kärhanalar önümçilik proseslerini awtomatlaşdyrýar, enjamlaryň näsazlygyny öňünden çaklaýar, energiýa sarp edilişini tygşytlaýar, önümçiligiň hilini ýokarlandyrýar. Bu bolsa senagatda netijeliligiň we bäsdeşligiň artmagyna getirýär.

Emeli aň logistika ulgamynda ýol ugurlaryny anyklamak, harytlaryň wagtynda eltilmegini üpjün etmek we çykdajylary azaltmak üçin giňden ulanylýar. Şeýle hem sanly ulag ulgamlary ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda uly işleri bitirýär.

Sanly döwlet hyzmatlary emeli aňyň kömegi bilen has elýeterli bolýar. Elektron hökümet ulgamlary resminamalaryň gaýtadan işlenilişini tizleşdirýär.

Emeli aň sanly ykdysadyýetde diňe hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady ösüşiň täze mümkinçiliklerini açýar. Täze iş orunlary, täze hünärler we täze bazarlar emeli aňyň ösüşi bilen gönüden göni baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde, emeli aň zähmet öndürijiligini ýokarlandyryp, ykdysady durnuklylygy üpjün edýär.

Görşümiz ýaly, sanly ykdysadyýetde emeli aňyň orny örän uludyr. Ol ykdysady gatnaşyklaryň tizligini, takyklygyny we netijeliligini üpjün edýär. Emeli aň häzirki wagtda diňe bir kömekçi tehnologiýa däl, eýsem, ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Şonuň üçin hem sanly ykdysadyýetiň geljegi emeli aň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Häzirki döwürde telekeçiligiň ösüşi hem diňe bir maliýe serişdesine ýa-da bazar tejribesine däl, eýsem, sanly tehnologiýalary näderejede netijeli ulanýandygymyza-da baglydyr.

Ýerli IT kärhanalary maglumat bazarlaryny döretmek, dolandyrmak we goramak arkaly milli sanly ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýärler. Olar sanly ykdysadyýetiň esasy daýanjy bolup çykyş edýärler. Milli IT kärhanalary daşary ýurt tehnologiýalaryna baglylygy azaltmak bilen bir hatarda, milli aýratynlyklara laýyk sanly çözgütleri döredýärler. Şeýle kärhanalar maglumat bazarlaryny işläp düzmekde we dolandyrmakda uly tejribe topladylar. Bu işler emeli aň ulgamlarynyň netijeli işlemegi üçin hem berk binýat bolup hyzmat edýär. Maglumat tehnologiýalaryny ösdürýän milli IT kärhanalary ýurdumyzyň sanly garaşsyzlygyny berkidýärler. Bu ýagdaý täze iş orunlarynyň döredilmegine, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna, innowasiýalaryň çalt ornaşmagyna ýardam edýär.

Jemläp aýdanyňda, sanly ykdysadyýet häzirki zaman ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüdir. Ol dünýä ykdysadyýetiniň ösüş ugruny kesgitleýär. Döwletimiziň hem bu ugurda alyp barýan sanly ykdysadyýet syýasaty ýurdumyzyň geljekki ösüşi üçin möhüm binýady emele getirýär.

Şöhrat MUHAMMEDOW,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň müdiri

Çeşmesi: Rysgal gazeti