Ýanwar 23, 2026
309
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamynyň ösüşinde kämil tehnikalardan, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala getirilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş hünärmenler sanly ulgama, ylmyň iň täze gazananlaryna oňat düşünýärler. Çünki ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar hem-de sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri we beýleki bilim edaralary yzygiderli gurulýar. Muňa mysal edip Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň döredilendigini, bu ýokary okuw mekdebiniň döwrebap binasyny aýratyn bellemek gerek. Ýaşlaryň dünýä ylmyna düýpli aralaşmagyny üpjün etmek, olary şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine ygrarly edip terbiýelemek işleri döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar. Munuň üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler, döwrebap şertler bar.
Ýaşlaryň dünýä ylmyna düýpli aralaşmagy hem-de zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin döwlet derejesinde birnäçe bäsleşikler guralýar. Bu bäsleşiklere türkmen ýaşlary has-da işjeň gatnaşýar. Bu babatda beýan edenimizde, ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň hem döwlet derejesinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek isleýäris. Ynha, ýokary okuw mekdepleriň arasynda paýhas bäsleşiginiň geçirilmegi, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Iňlis dili boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Ýokary okuw mekdebimiziň guraýan şeýle çäreleri ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna, olaryň ylym-bilim öwrenmeklerine höwes döredýär. Ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi. Şeýle hem ýokary okuw mekdebimizde medeni çäreleri guraýarys, ýörite kitap bilen baglanyşykly gurnakda okamagyň, bilim öwrenmegiň ähmiýetini ýaş nesle düşündirýäris. Sebäbi ylmyň ähli gazananlarynyň, ylmy maglumatlaryň hazynasy kitapda jemlenýär. Häzirki döwürde kitaplaryň elektron görnüşlerini, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp okamak bolýar. Munuň özi häzirki ýaşlar üçin döwrebap mümkinçilik bolmak bilen bir hatarda döwrüň ösýändigini, bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyny aýdyň beýan edýär.
Ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamlarynyň işine, ony kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýar. Hawa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny toýlamaga taýýarlyk işlerini giňden ýaýbaňlandyran ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap aýdyň ýol bilen ynamly barýar. Ösüşlere, oňyn özgerişliklere beslenýän bu ýol häzirki ajaýyp döwrümiziň röwşen ýoludyr. Bu ýola gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler guwandyryjydyr. Şeýle üstünlikleriň hatarynda ylym-bilimde ýetilen sepgitleri hem aýratyn bellemek gerek. Çünki ylym-bilim diňe bir şu günki ösüşimiz däl-de, eýsem, röwşen geljegimiziň şamçyragydyr, aýdyň ýoludyr. Şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzyň bilim işgärleri, mugallymlary ýaş nesli ylym-bilimli hünärmenler hökmünde kemala getirmekde asylly işleri alyp barýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ylym-bilimiň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda giň mümkinçilikleriň döredilmegi ähli bilim işgärlerini tüýs ýürekden buýsandyrýar. Bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan netijeli we düýpli işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew bady bilen ösmegine, diňe öňe gitmegine badalga berýär. Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Şöhrat MUHAMMEDOW,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň müdiri.

