Ýanwar 21, 2026
278
Döredijilikli zähmet çekýän, ylym-bilimde üstünlik gazanýan her bir ildeşimiziň ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşantlary bardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidenimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösýär, özgerýär, belent üstünliklere eýe bolýar. Gazanylýan netijeler, aýdyň maksatlardan myrat tapýan işler röwşen geljegimiziň berk binýady bolup durýar. Şeýle beýik işlere goşant goşmakda asylly işleri alyp barmak bagtdyr.
Bäş müň ýyllyk taryhly milletimiziň döredijilikli öňe gitmek, agzybir ýaşamak ýörelgesiniň däp-dessurymyzda mizemez orun almagy aýratyn buýsançlydyr. Bu günki günde ýaşlaryň okamagyna, bilim öwrenmegine, şeýle hem biziň her birimiziň döredijilikli işlemegimize giň mümkinçilikler döredilýär. Hut şu nukdaýnazardan hem, ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerine wepaly bolup, Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi üçin zähmet çekmek döwlet syýasatymyzyň baş ugurlarynyň biridir. Bu babatda ähli hukuklary döwlet tarapyndan ygtybarly derejede üpjüne dilýän türkmen zenanlary bu gün jemgyýetimizde uly orun eýeleýärler. Maşgala ojagyny wepaly goraýjylar bolmak bilen, olar hünärine ökde, jogapkärçiligi duýýan we aýgytly hereket edýän işjeň ýolbaşçy, alym, mugallym, lukman we beýleki wezipelerde zähmet çekip, öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halal zähmeti, yrylmaz yhlasy bilen tapawutlanýan türkmen zenanlarynyň sagdyn nesilleri terbiýelemekde, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde aýratyn uly orny bardyr.
Jemgyýetimiziň berk binýatlarynyň biri hem sagdyn durmuşdyr, bagtyýar nesillerdir. Ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy ugrunda wagyz-nesihat çäreleri geçirilip durulýar, olaryň oňat okamaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin dürli çäreler ýola goýulýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi adamyň bagtyýar ýaşamagyna, ömrüniň uzalmagyna oňaýly täsir edýär. Şonuň üçin hem bu barada wagyz-nesihat işlerini alyp barmak, esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn ösmegini gazanmak baş maksadymyz bolup durýar. Durmuşymyzyň her bir pursadyny maksatly işlere sarp etmek, şol üstünliklerimizden lezzet almak hem ömrümizi gözelleşdirýär. Halkymyzyň döredijilik we ruhy kuwwatynyň artdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşleriniň binýadyna öwrülýär. Şonuň üçin döwrebap ösüşlere goşant goşýan ýaşlary terbiýelemek, olaryň dünýägaraýşyny has-da ösdürmek halkyň döredijilik kuwwatynyň dowamy bolup durýar. Ýaş nesilleriň döwrebap ylymly, bilimli bolmaklary ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere kuwwatly itergi berýär. Ylymly, bilimli nesil jemgyýetiň ösüşini dowam etdirýär, ýurduň ykdysady we medeni baýlygyny artdyrýar. Hut şu maksat bilen hem, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň hemme taraplaýyn ösen, dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykarýan, ylmyň dünýäderejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.
Asuda, abadan Watanymyz, ajaýyp döwrümiz, bagtyýar ilimiz bar. Gije-gündiz ilim-günüm, parahat ýurdum diýip ýaşaýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Eziz Watanymyz, mähriban halkymyz biziň her birimiz üçin esasy baýlyk. Bagtyýar durmuşa guwanyp ýaşamak, döretmek, zähmet çekmek uly bagtdyr.
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy

