BILIM WE INNOWASIÝA — ÖSÜŞIŇ HEM - DE DÖWREBAPLYGYŇ AÇARY

Decorative element

Ýanwar 19, 2026

/

286

BILIM WE INNOWASIÝA — ÖSÜŞIŇ  HEM - DE DÖWREBAPLYGYŇ AÇARY

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bilim, ylym we innowasiýalar bolup durýar. Ylym, bilim ýurdumyzda geçirilýän durmuş özgertmelerine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň: «Ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýen sözleri aýdyň geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky aladanyň, şeýle-de bilimi we ylmy yzygiderli ösdürmegiň döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny görkezýär.

Bilim we ylym jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyklar hasaplanýar. Şoňa göräde, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil hünär bilimini almagy, öz işine ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Çünki häzirki döwürde ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Munuň üçin täze, döwrebap okuw mekdepler gurulýar, olar dünýäniň iň ösen bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Muňa geçen ýylyň altyn güýzünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabatda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti aýdyň mysaldyr.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ata Watanymyzda ykdysadyýetiň hususy pudagyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hususy telekeçilik işini ösdürmäge, kiçi we orta işewürligi kämilleşdirmäge, hususy pudakda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen işewürleriniň täze önümçilik kärhanalaryny yzygiderli gurmagy, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barmagy, önümçilige dünýäniň öňdebaryjy innowasiýalaryna we tehnologiýalaryna daýanýan enjamlary, iş usullaryny ornaşdyrmagy, öndürýän önümlerini eksport etmegi babatda döredilýän mümkinçilikler giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň döwlete dahylsyz pudagyny mundan beýläkde ösdürmek üçin bu ulgamda zähmet çekjek ýokary hünär derejesine eýe bolan giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak zerurlygy ýüze çykýar. Bu babatda ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ilkinji ýokary okuw mekdebiniň — Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň milli hünär bilimi ulgamynyň öňdebaryjy mekdepleriň birine öwrülendigini aýtmak bolar.

Bu innowasion ýokary okuw mekdep binagärligiň milli we döwrebap ýörelgeleri esasynda bina edilip, onuň gurluşygynda ýokary innowasiýalar, sanly serişdeler işjeň peýdalanyldy. Şeýlede ýokary okuw mekdebiň binalar toplumynyň enjamlaşdyrylyşynyň döwrebap derejede bolmagyna aýratyn üns berlip, okuw otaglarydyr ýörite tejribehanalar iň kämil tehnologiýalar, kompýuterler, innowasiýalara daýanýan barlaghana enjamlary bilen doly üpjün edildi. Munuň özi uniwersitetiň pedagogik düzümine okuwlary ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti esasynda guramaga hem-de alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem häzirki wagtda talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede içgin özleşdirmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, uniwersitetiň talyp ýaşlar üçin ýurdumyzyň hususy pudagynda ýetilen sepgitler, telekeçilik işiniň aýratynlyklary boýunça okuw sapaklary, hususy önüm öndürijiler bilen duşuşyklar, brifingler geçirilýär. Şol sanda talyp ýaşlar bilen hususy önümçilik kärhanalaryna guralýan okuw önümçilik sapaklary aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi talyp ýaşlara ýurdumyzda hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan ýola goýlan eksport kuwwatly önümçilikler bilen ýakyndan tanyş bolmaga, hususyýetçiler bilen telekeçilik işini guramagyň aýratynlyklary, meýilnamalaşdyrylyşy we guralyşy barada pikir alyşmaga, onuň inçe syrlaryna aralaşmaga ýardam edýär.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine baryp, bu ýerde işleriň guralyşy bilen ýakyndan tanşandyklaryny bellemek gerek. Sebäbi Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän paýdarlar jemgyýetinde halylary döwrebap usullarda dokamak boýunça oňyn tejribeler toplanypdyr. Bu günki günde «Abadan halynyň» owadan halylary dykyzlygy, galyňlygy, reňkiniň durnuklylygy, nepisligi we çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, talyp ýaşlar paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri bilen halyçylyk sungaty, onuň döwrebap röwüşde dowam etdirilişi boýunça sowal-jogap alyşdylar.

Görnüşi ýaly, täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, işewürlik ýörelgeleri, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri tejribe bilen arabaglanyşykda öwredilýär. Çünki bu günki hünär bilimini alýan bagtyýar ýaşlar eziz Watanymyzyň ykdysadyýetini gülläp ösüşleriň we abadançylygyň ak ýoly bilen ynamly öňe alyp gitmeli hünärmenlerdir. Olaryň çuň bilimliligi, nazaryýet bilen tejribäni utgaşdyrmagy, öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarmagy döwrüň möhüm talabydyr.

Maýa RAHMANOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň uly mugallymy.