Ýanwar 13, 2026
355
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dokma toplumyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, toplumyň işini sanlylaşdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän dokma önümlerini internet söwdasynyň üsti bilen alyjylara ýetirmek hemişe üns merkezinde saklanylýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde ýurdumyzyň öňde baryjy öndürijileriniň dokma önümleriniň giň görnüşlerini hödürleýän «Dokma» onlaýn söwda meýdançasyny görkezmek bolar.
Giň gerimli onlaýn sanaw görnüşinde döredilen bu web saýtda alyjylaryň uly isleginden peýdalanýan «Bedew», «Nusaý», «Goza», «Gala», «Mäne», «Jeýtun», «Bürgüt», «Ýeňiş» ýaly harytnyşanly önümler, şeýle-de ýurdumyzyň iri kärhanalarynyň «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt belgisi astynda çykarylýan harytlary ýerleşdirilendir. Bu platformada alyjylara erkekleriň, zenanlaryň we çagalaryň eşiklerini, şeýle hem aýakgaplary we beýleki önümleri satyn almak mümkinçiligi döredilendir.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman internet söwdasynda onlaýn platformalaryň ulanyjylar üçin düşnükli we sada görnüşde bolmagy uly ähmiýete eýe. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, saýtyň interfeýsi düşnükli, islendik enjamda ulanmak üçin doly uýgunlaşdyrylan görnüşe getirilipdir. Şol bir wagtyň özünde amatly nawigasiýa ulgamy hem-de sahypalaryň çalt ýüklenmegi bu saýt arkaly zerur bolan dokma önümlerini aňsatlyk bilen tapmaga hem-de olary onlaýn görnüşde satyn almaga oňaýly şertleri döredýär. Müşderilere gerek harytlaryny saýlamakda has amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, katalogda önümiň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän suratlar, harytlaryň giňişleýin düşündirişi, ölçegler we esasy häsiýetler baradaky maglumatlary ýerleşdirilipdir. Munuň özi alyjylar üçin täze köýnekleri, jalbarlary ýa-da beýleki dokma önümlerini dükanlara ýa-da bazarlara barmasyzdan satyn almakda uly artykmaçlyk berýär.
Eşikler bilen bir hatarda «Dokma» onlaýn söwda meýdançasynda ýokary hilli düşek toplumlary, süpürgiçler we hammam halatlary satyn almak üçin elýeterlidir. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň dokma toplumlary täze önümler bilen halkymyzy yzygiderli begendirip durýarlar. Şuny göz öňünde tutup, sanawdaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenip durýandygyny nygtamak gerek. Saýtyň ýene bir aýratynlygy onda amallaryň ýerine ýetirilişiniň çaltlygydyr. Has takygy, alyjylar saýtyň üsti bilen sargytlary bary-ýogy birnäçe minudyň dowamynda resmileşdirip bilerler. Saýtdan satyn alnan dokma önümlerini Aşgabat şäheri boýunça mugt eltip bermek hyzmaty ýola goýuldy. Şol bir wagtyň özünde satyn alnan harytlary ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ibermek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulypdyr.
Jemläp aýdanymyzda, «Dokma» onlaýn söwda meýdançasynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň dokma toplumyny sanlylaşdyrmagyň möhüm tapgyry bolmak bilen, alyjylar üçin täze mümkinçilikleri döredýär we ýurdumyzyň ýokary hilli önümlerini has-da elýeterli edýär. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň söwdasyny ýokarlandyrmaga hem täze itergi berer.
Eziz GURBANMÄMMEDOW,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy

