Ýanwar 13, 2026
365
Käbir ýurtlar kenar ýakalary we Gün şöhlesi bilen tanalýar. Ýöne bir ýurt uzak gyşlary, garyň dowamly ýagmagy bilen tapawutlanýar. Bu ýurt birnäçe aýlap gar bilen örtülýär. Doňaklyk we ak garly daglary bu ýurduň dünýäde «Gar ýurdy» diýlip atlandyrylmagyna sebäp boldy. Gürrüňi edilýän ýurt — Tibet.
Tibet dünýäniň iň beýik tibet platosynda ýerleşýär we Gimalaý ýaly garly daglar bilen gurşalan. Onuň beýikligi temperaturany pes derejede saklaýar. Bu sebitde gyş uzak bolup, güýçli ýel, az kislorod, pes çyglylyk ýurtda aňzakly gyşy emele getirýär. Tibetdäki beýiklikler 4000 metrden ýokary bolup, howanyň temperaturasynyň çalt peselmegine sebäp bolýar. Sebite Gün şöhlesiniň düşýändigine garamazdan, ýylylygy çalt ýitirýär. Tibet dünýäniň iň beýik depeleri, şeýle-de Ewerest we Gimalaý daglary bilen gurşalandyr.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

