Ýanwar 12, 2026
353
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri öz baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary bilen dünýäde tanalyp gelýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeni mirasynyň iň gymmatly baýlyklarynyň biri hem türkmen saçagydyr. Türkmen saçagy halkymyzyň durmuş pelsepesini, ahlak ýörelgelerini, myhmansöýerligini, agzybirligini we berekede bolan ynamyny özünde jemleýän gymmatlyk hökmünde asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýär. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde talyp gyzlaryň arasynda türkmen saçagyny bezemek boýunça geçirilen bäsleşik hem aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Bu bäsleşik ýaşlaryň milli gymmatlyklara bolan söýgüsini artdyrmak, türkmen milli aşhanasynyň baýlygyny wagyz etmek hem-de talyp gyzlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek maksady bilen guraldy. Talyp gyzlaryň taýýarlan saçaklarynda türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren milli tagamlary uly ähmiýete eýe boldy. Olar diňe bir tagamlary hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň taryhy, taýýarlanyş usullary, jana ýokumlylygy hakynda täsirli çykyş etdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar türkmen milli aşhanasynyň tebigy önümlere esaslanýandygyny, onuň saglyk üçin peýdalydygyny ylmy taýdan düşündirdiler. Süýt önümleri, bugdaý, et, gök önümler we tebigy tagamlar türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerendigini görkezýär. Bu bolsa häzirki sagdyn iýmitlenmäge aýratyn üns berilýän döwürde çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bereketli türkmen saçagy» atly gymmatly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli aşhanasynyň iň naýbaşy tagamlaryny uly ussatlyk bilen taýýarladylar. Her bir saçak diňe bir naharlaryň köplügi bilen däl, eýsem, olaryň ýerleşdiriliş tertibi, milli öwüşginler bilen bezelişi, halallyk we päklik ýörelgelerine laýyklygy bilen tapawutlandy. «Ak öýüň» ruhuny ýada salýan bezegler, milli gap-gaçlar bäsleşige aýratyn öwüşgin berdi.
Türkmen saçagynyň bezelişi, tagamlaryň saçaga goýluş tertibi bilen birlikde, myhman garşylamak däpleri-de bäsleşikde aýratyn orun aldy. Bu bolsa ýaş nesli milli däp-dessurlaryň inçe syrlary bilen tanyşdyrmaga, olaryň aňyna halallyk, päklik, tertiplilik ýaly gymmatlyklary ornaşdyrmaga ýardam berýär.
Işewürlik ugurlarynda ýokary bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda şeýle bäsleşigiň geçirilmeginiň aýratyn manysy bar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy telekeçileri türkmen milli aşhanasynyň baýlygyny artdyrmakda, ony döwrebap görnüşde kämilleşdirmekde hem-de halkara derejede tanatmakda uly tagallalary edýärler. Türkmen milli aşhanasy sagdyn, tebigy önümlere esaslanmagy, bereket-bolçulygy alamatlandyrmagy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda hususyýetçiler bu baý mirasy döwrebap önümçilik, hyzmat we söwda ulgamlary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, onuň täze ösüş tapgyryna çykmagyna şert döredýärler.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hususy telekeçiler tarapyndan açylýan milli restoranlar, çaýhanalar, naharhana toplumlary türkmen aşhanasynyň hakyky keşbini açyp görkezýär. Bu ýerde milli tagamlar diňe bir däp bolan görnüşde däl, eýsem, döwrebap dizaýn, ýokary hyzmat derejesi we halkara talaplaryna laýyk hil bilen hödürlenýär. Bu bolsa milli aşhanamyzyň ýaş nesil bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda-da uly gyzyklanma döredýändigini görkezýär.
Jemläp aýdanyňda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde geçirilen dabaraly bäsleşik türkmen milli aşhanasynyň, milli medeniýetimiziň we zenan nepisliginiň şan-şöhratyny belent derejede dabaralandyrdy. Türkmen saçagyny bezemek boýunça geçirilen bu bäsleşik ýaşlaryň arasynda watansöýüjilik ruhuny, milli buýsanjy we agzybirlik duýgusyny has-da güýçlendirmäge hyzmat edýär.
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

