07 февраля 2026 г.
2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” eseri boýunça “Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigi
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerini, Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň waspyny giňden wagyz etmek, at-abraýy dünýä dolan Ahalteke bedewlerimiziň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmek, şeýle-de ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň arasynda kitap okamaga bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti tarapyndan Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eseri boýunça bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Bäsleşigiň maksady
1.1. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini wagyz etmek, Ahalteke bedewlerimiziň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmek, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan;
1.2. Ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan höwesini ýokarlandyrmakdan, olaryň milli mirasymyz babatdaky bilimlerini, düşünjelerini kämilleşdirmekden ybarat.
II. Bäsleşigiň geçiş tertibi
2.1. Bäsleşigiň guramaçylary bolup Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti çykyş edýär;
2.2. Bäsleşigiň guramaçylyk işleri Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat bolan topar tarapyndan ýerine ýetiriler;
2.3. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 10-njy martynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynda geçiriler;
2.4. Kitap okamak boýunça geçiriljek bäsleşik test görnüşinde bolar. Soraglar Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eseri esasynda taýýarlanylar;
2.5. Bu bäsleşige Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 10-11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler. Bäsleşige Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň orta okuw mekdeplerinden 3 sany okuwçylardan hem-de jogapkär mugallymdan ybarat bolan toparlar gatnaşar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylary özüniň şahsy maglumatlaryny goşunda laýyklykda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralyna çenli görkezilen elektron salga ugratmaly: hstubasleshik@gmail.com (goşulýar).
III. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň tertibi
3.1. Bäsleşigiň ýeňijileri Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň eminler topary tarapyndan kesgitlener;
3.2. Bäsleşiginiň ýeňijilerini I, II we III orunlar bilen yglan ediler. Ýeňijiler Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň degişli diplomlary we hemaýatkärleriň sowgatlary bilen sylaglanylar.
Habarlaşmak üçin:
Tel: +99361444436, +99362401810
Elektron salgy: hstubasleshik@gmail.com
Goşundy
“Kitap bilen dünýä syry açylýar” atly kitap okamak bäsleşigine gatnaşjak
___-nji orta mekdebiniň okuwçylary barada
MAGLUMAT
| T/b | Okuwçynyň familiýasy, ady we atasynyň ady | Mekdebi, synpy | Telefon belgisi | Elektron salgysy |
| 1 | ||||
| 2 | ||||
| 3 |
Jogapkär mugallymyň familiýasy, ady we atasynyň ady, telefon belgisi, elektron salgysy ______________________________________________________________

