17 марта 2026 г.
159
Türkmen topragyna baharlaryň gelşi üýtgeşik. Mele topraga ýyly gidenden, ýazyň demi bilen erikdir üljeler ak patrak deý güllere beslenýär. Baglary penalap oturan gökje gyrtyçlaryň arasyndan çykýan atgulakdyr mamamçörekler göwnüňi heýjana salýar. Tebigatyň ýaşyl begres geýýän şu ajaýyp döwründe Halkara zenanlar gününiň bellenip geçilmegi ýüreklere mähir-muhabbet çaýýar. Bu başgaça bolubam bilmez. Çünki dünýäniň ýazy zenanlaryň kalbyndan, gyz-gelinleriň mylaýymlygyndan, esasan-da, ene mährinden gözbaş alýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bahary hem üýtgeşik geldi. Agzybir halkymyzyň zähmetde, okuwda, jemgyýetçilik işlerinde gazanýan üstünliklerini görüp, ak gyňaçly enelerimiziň ýüzlerindäki nura, dillerindäki hoşallyga imrinip, şeýle bagtyýar ýurtda ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Parahat, asuda döwletde ýaşamagyň hözirem başga bolýar. Eziz Diýarymyzda goşalanyp gelýän toý-baýramlar halkymyzyň şükranalygynyň, Watanymyzyň kuwwatlylygynyň nyşanydyr. Milli senenamamyzda orun alan Halkara zenanlar güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen guralýan dürli mazmunly dabaralar bolsa zenanlara goýulýan çuňňur hormat-sylagyň aýdyň beýanydyr.
Nusgalyk maşgalada— Ogulabat ejäniň mähir-muhabbeti, Mälikguly aganyň atalyk göreldesi bilen kemala gelen Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda:«Dünýäniň akyldarlary, weliler, ýagşyzadalar hakyndaky tymsallarda hem gowy adam bolmagyň ýoly enä goýulýan hormatdan ýagtylanýar. Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylyşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr» diýilýär. Bu jümleler ene söýgüsiniň iň belent, iň kämil, iň päkize duýgudygyny äşgär edýär.
«Ene —Käbe, ata —Kybla», «Ene eli — em, dili — melhem», «Ene — dünýäniň görki, ojagyňerki» ýaly nakyllar, atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toý aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen gözel we nepis halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatydyr. Sungatyň naýbaşy eserlerine öwrülen halyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty ýaly milli gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje biziň her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Ogulabat ejäniň öz baldyzyna taýýarlan, şol döwrüň nusgasyna mahsus bolan, ussatlyk bilen tiken kürtesi hem onuň işeňňirliginden, sabyrlylygyndan habar berýär. Tikin tikmek, el işleri bilen meşgullanmak sabyrly bolmagy talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejäniň ýarym asyr mundan öň bejeren kürtesi gelin-gyzlara el işlerini öwretmekde, edep-ekramlylykda, zähmet endiklerini kemala getirmekde mirasdyr, görüm-göreldedir.
Mährem enäniň elin ören alajasy türkmen gelin-gyzlarynyň ýönekeýje sapaklardan sungat döredip bilýändiginiň güwäsi hasaplanýar. Biz taryha nazar salanymyzda hem şeýle zähmetsöýer, gaýratly, eli çeper zenanlaryň il ýüküni egninde göterip bilýän serkerdeleri, döwlet ýolbaşçylaryny terbiýeläp ýetişdirendigine şaýat bolýarys. Eneler — mähir ojagy. Olar öz hamraklygy bilen tutuş dünýäni ýyladýarlar. Olar üçin perzentleriniň ählisi des-deň hasaplanýar. Pederlerimiziň: «Näçe perzendi bar bolsa, enäniň ýüregi şonça bölege bölünendir» diýen aýtgysynyň ýönelige döremändigine göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiziň «Enätagzym — mukaddesligetagzym» atly kitabynda getirilýän tymsaly okanymyzda muňa has-da aýdyň göz ýetirýäris:
«Bir gezek ogullary enesiniň ýanyna gelip, ondan özleriniň haýsysyny gowy görýändigini soraýarlar. Eneleri ojaga öz mährinden ot berýär-de:
— Ine, şu meniň size söýgim — diýýär. Soň ol ýene bir ojaga ot berip:
— Bumeniň ikinji perzendim.Şuňa ýylylyk berenim bilen, ojagyň ody kiçeldimi? — diýýär».
Mährem enelerimiziň türkmeniň milli terbiýesini ösdürmekdäki zähmeti hem bellärliklidir. Olaryň hoş owazly hüwdülerinde edep-terbiýe, çagalarynyň geljekde kemally adamlar bolup ýetişmegi baradaky arzuwlar jemlenendir. Perzentlerine çagalykdan başlap ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy, Watany jan-teni bilen söýmegi, il-güne wepaly bolmagy ündeýänem enelerimizdir. Pespäl, ak göwünli, rehimli, ynsanperwer, zähmetsöýer bolmagy enelerimiz häli-şindi nygtap durýarlar.
Eneleriň wesýetleri bilen we ýagşy görüm-göreldesi esasynda kemala gelýän ýaşlar gül Diýarymyzyň diregidir. Mähriban enelerimiz ýaş nesillerimizde ruhy we ahlak arassalygyny, beýik geljegimize bolan uly ynamy terbiýelemäge, jemgyýetimiziň abadançylygynyň girewi bolan maşgalada bagtyýar durmuşy üpjün etmäge aýratyn goşant goşýarlar. Munuň özi ata Watana, il-güne wepaly, ak ýürekli hem-de zähmetsöýer, ýaşlary kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýärler. Kümüş saçly enelerimiziň dillerinde bolsa Watanymyzyň asudalygy, ýurdumyzyň berkararlygy, il agzybirligi müdimi senadyr. Goý, ýüzleri nurana, kalplary mähirden doly enelerimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Baýramyňyz gutly bolsun, mähribanlarymyz!
Aýjeren BABAÝEWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

