19 марта 2026 г.
38
2026-njy ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllyk baýramyna bagyşlanan uly göwrümli sergi geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu sergide ilkinji gezek Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze gurlup ulanylmaga berlen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň sergisiniň ýerleşdirilmegi uniwersitetiň bilim işgärleriniň hem-de talyp ýaşlarynyň buýsanjyny artdyrdy.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň sergisi uniwersitetiň halkara derejesindäki gysga wagtyň dowamynda gazanan üstünliklerini, barlaghanalarda ulanylýan döwrebap enjamlaryň üsti bilen taýýarlanan önümlerini hem-de talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren iri taslamalaryny görkezmek üçin ajaýyp meýdança öwrüldi. Serginiň dowamynda uniwersitetiň talyp ýaşlary ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleri bilen tanşyp, daşary ýurtlardan gelen wekiller bilen sorag-jogap alşyp, bilimlerini kämilleşdirmekde zerur bolan maglumatlaryny aldylar. Geljekde uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň taýýarlan taslamalary ýurdumyzyň hususy pudagynyň geljekki ösüşlerine täze itergi berer.

