Dünýäde iň uly onlaýn yşarat dili sapagy guralar

Decorative element

17 марта 2026 г.

/

182

Dünýäde iň uly onlaýn yşarat dili sapagy guralar

Dubaý şäherinde dünýäde iň uly bitewi wirtual yşarat dili sapagyny geçirmek arkaly Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýmagy meýilleşdirýär. Bu giň gerimli çäre Dubaý Jemgyýetçilik Ösüş Agentligi (CDA) tarapyndan şu gün geçirilýär. Aslynda, bu çäre, ilkibaşda, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Maýyp adamlaryň hukuklary boýunça Ýokary Komitetiň başlygy Şeýh Mansur bin Muhammed Al Maktum tarapyndan başlandy. Bu günki çäre hem “Dubaý yşarat dilinde aragatnaşyk saklaýar” atly onlaýn sapagyň dowamy bolar. Onlaýn sapagynyň esasy maksady eşidişden ejir çekýän adamlara jemgyýet tarapyndan goşulmak we goldaw bermek, aýratyn hem şäher gurşawynda sanly we akylly hyzmatlaryň ulanylyşyny giňeltmekden ybarat bolup durýar. Alnyp barylýan bu sapak BAE-niň inklýuziw jemgyýeti gurmakdaky çemeleşmesini görkezýär we maýyp adamlary jemgyýete, şeýle hem ykdysady durmuşa işjeň gatnaşmaga höweslendirýär diýip, CDA-nyň baş direktory Hessa bint Essa Buhumaid belleýär.

Mährem BABAMYRADOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Çeşmes: Zaman Türkmenistan