19 марта 2026 г.

/

11

YNSANPERWER ÝÖRELGE

Eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde bellenilip gelinýän Nowruz baýramynyň taryhy kökleri has irki döwürlerden gözbaş alýar. Nowruz köpugurly baýramçylyk hasap edilýär. Ol köp halklary birleşdirip, olaryň taryhy kökleriniň we medeni gözbaşlarynyň umumylygyny beýan edýär. Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bütin dünýäni al-elwan güllere besleýän Nowruzyň tutuş adamzat ýaşaýşy üçin uly ähmiýete eýedigini aňladýar. Nowruz baýramy adamzadyň ahlak tejribesinde toplanan ähli gowy zatlary, ýagşylyklary, şu günüň şatlykly wakalaryny özüne birleşdirýär. Nowruzyň halkara we medeni ähmiýeti, onuň birleşdiriji başlangyjynda öz beýanyny tapýar. Bu baýramçylyk halklary birleşdirýär we ýakynlaşdyrýar, dostluga we doganlyga çagyrýar, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini alamatlandyrýar, zähmetsöýerlige çagyrýar. Ol — parahatçylygyň, ynsanlaryň arasyndaky ylalaşygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň jarçysy. Ine, şoňa görä-de, Halkara Nowruz baýramy 2010-njy ýylda BMG-niň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, halkara derejä eýe boldy.

Ýer ýüzünde iň gadymy täze ýyl baýramçylygy hasaplanylýan Nowruzdan gözbaş alýan medeniýet sebitiň çäginden çykyp, bütin dünýä ýaýrady. Şoňa görä-de, Nowruz Zeminiň köp halklarynyň medeniýetinde we taryhynda döreýşiň, täzelenişiň nyşanydyr. Onuň özeninde döredijilikli zähmetiň we yhlasyň gözbaşy, mähriban topraga söýgi hem-de ynsanyň belent maksatlara ymtylmasyna bolan ynam jemlenendir. Bahar baýramy şatlyk-şowhuna beslenip gelýär. Gije bilen gündiziň deňleşip, ýazky meýdan işlerine badalga berlip, daýhanlaryň bilini berk guşaýan döwründe bellenilýän bu baýram sahawatly topraga nur eçilýär. Nowruzyň gelmegi bilen, eziz Diýarymyzda oba hojalyk işleriniň depgini ýokarlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» diýip, ajaýyp baharyň waspyny ýetirse, Şabende: «Geldi Nowruz, jümleýi-älem gülüstandyr bu gün» diýip, ony joşgunly taryplaýar. Şundan görnüşi ýaly, bu baýramyň aňyrsynda Aý-Gün hereketi, pasyllaryň, ýylyň, aýlaryň kanunalaýyk çalyşmasy, gije-gündiziň deňleşmesi, asyrma-asyr gelýän çarwa we daýhan hasaplary bar. «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýlişi ýaly, Nowruzyň gelmegi bilen Gündogar halklaryna häsiýetli bolan 12 ýyllyk müçe ýyllarynyň hasaby başlanýar. Bu hasap adamlaryň ýaşyny kesgitlemek, taryhy wakalaryň senesini anyklamak, howany çaklamak üçin peýdalanylypdyr.

Nowruz baýramynyň adamzadyň ruhy dünýäsinde döredýän ajaýyp gözelligi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli ýörelgelerinde hem öz beýanyny tapýar. Nowruz baýramçylygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen halkara derejä eýe bolmagy we her ýylyň 21-nji martynyň Halkara Nowruz baýramy hökmünde ykrar edilmegi dünýä halklary bilen düşünişmäge, birek-birege hormat goýmaga gönükdirilen ynsanperwer ýörelgelere laýyk gelýär.

        Eziz Diýarymyzda milli baýramçylyklarymyzy uludan toýlamaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! Nowruzdan başlanýan ýylky ýyly her bir öýe berk jan saglyk, egsilmez rysgal-döwlet getirsin.

Aýjeren BABAÝEWA,

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.

Çeşmesi: Türkmenmetbugat