Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni

Decorative element

Aprel 06, 2026

/

677

Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni

Merdana milletimiziň milli medeni mirasy, däp-dessurlary, yrym-ynançlary bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolup, şunda şöhratly ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepalylygy, söýgini kemala getirmekde, ýurdumyzyň özboluşly aýratynlyklaryny dünýä ýüzüne giňden tanatmakda halkymyzyň milli baýramlary örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramy  Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Ine şeýle pursatlaryň biri hem Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň gurnamagynda geçirilen “Ylhamdan paýly Nowruz” atly medeni çäräni nygtamak bolar.

Medeni çäräniň başynda uniwersitetiň professor-mugallymlary türkmen halkynyň her bir gününi toý-baýrama besleýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun sözlerini aýtdylar. Uniwersitetde geçirilen medeni çärede ak saçly enelerimiziň asyllylyk ýörelgeleri, ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary, uly serginiň ýaýbaňlandyrylmagy, däp-dessurlarymyzy beýan edýän çykyşlaryň we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ajaýyp aýdymlarynyň meýilleşdirilmegi biz – ýaşlaryň milli medeni mirasymyza bolan söýgümizi has-da artdyrýar.