Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylym-bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biridir» diýip belleýär. Çünki ýurdumyzda bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge, ýaş nesilleri sazlaşykly ösen şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmäge döwlet syýasaty derejesinde möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 21-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni zähmet ýeňişlerine, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler hem üstünlikli dowam etdirilýär. Şundan ugur alyp, islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Sebäbi bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Asylly däbe görä, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim syýasatynyň netijesinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda hem paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bilim-terbiýeçilik maksatly binalaryň ençemesiniň gurulmagy bütin halkymyzy guwandyrýar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Arkadag şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen we durky düýpli döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleriniň gaznanyň hemaýat bermeginde alnyp barylýandygy barada maglumat berdi. Gahryman Arkadagymyz bu mekdebiň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň, beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň talabalaýyk özleşdirilmegi möhüm wezipe bolup durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bilim ojagynda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin dürli gurnaklaryň işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde açyk we ýapyk görnüşli stadionlaryň bolmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendir. Olarda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri, aýratyn-da, ýeňil atletikanyň ähli ugurlary bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilmelidir. Munuň özi ýaşlaryň dil öwrenmegi, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginde ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagynyň bolmagy onda terbiýelenýän çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepde bilim-terbiýe alyp, ýokary hünärli ýaşlar bolup ýetişmeklerini üpjün eder. Şeýle hem bu ýerde ata-eneler üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidigine üns çekilip, meýilleşdirilen gurluşyk we guramaçylyk işleriniň kesgitlenen kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygy nygtaldy.
Görnüşi ýaly, bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilip, bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.
Bilim ösüşiň altyn açary hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim bermek işine okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap, innowasion usullarynyň, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, bilim işgärleriniň tehniki ulgamlardan, maglumat gorlaryndan peýdalanmak başarnygynyň, hünär ussatlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny, mekdebe çenli ýaşly körpeleriň sagdyn ösmeklerini we mekdebe taýýarlykly barmaklaryny gazanmak, ýaşlary ylmy-gözleg, döredijilik işlerine ugrukdyrmak babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemelidiris. Şeýle-de ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi alnyp barylýan işleri hil taýdan täze derejelere çykarmaga giň mümkinçilik berýär.
Bir söz bilen aýdanyňda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary hem ygtybarly goralýar. Ýaşlara okajak mekdebini, okuwyň dilini, ugruny we görnüşini saýlap almaga doly hukuk berilýär. Olary iş bilen üpjün etmek, hünäri saýlap almak meselelerini çözmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistan ýaşlaryň sagdyn ösüp, giň dünýägaraýyşly, dünýä ýaşlary bilen deň gadam urup bilýän nesiller bolup ýetişmegi ugrunda çuňňur aladalar edýän bilimler ýurdy diýip arkaýyn aýdyp bileris.
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.
Çeşmesi: Rysgal gazeti

