Welosipediň taryhyndan gysgaça maglumat

Decorative element

Aprel 30, 2026

/

210

Welosipediň taryhyndan gysgaça maglumat

1817-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Baron Karl fon Drez tarapyndan ýasalan ilkinji welosipediň pedallary ýokdy. Adamlar ony häzirki samokatlar ýaly aýaklary bilen ýeri itip hereketlendirýärdiler. 1860-njy ýyllarda welosipediň öňki tekerine pedallar goýup, oňa "Welosiped" diýen resmi at berýärler. Emma ol döwürdäki tekerler demirden ýasalandygy üçin oňa halk arasynda "Süňk sarsdyryjy" diýen lakam dakýarlar. Soňra öňki tekerleri has uly welosipedler peýda bolýar, ýöne olar sürüjiler üçin gaty howply bolupdyr. 1885-nji ýylda Jon Kemp Starli iki tekeri hem deň ölçegli bolan häzirki zaman howpsuz welosipedini döredýär. 1888-nji ýylda Jon Danlop tarapyndan howaly rezin tekerleriň oýlap tapylmagy welosipediň has oňaýly sürülmegine getirdi.

Görşümiz ýaly, iki asyr mundan ozal ýönekeýje agaç guraly hökmünde döredilen welosiped, şu günki gün sagdynlygyň we ekologik arassalygyň iň kämil nusgasyna öwrüldi. Welosiped sürmek diňe bir menzilleri gysgaltmak däl, eýsem, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamakdyr. Şonuň üçin hem, ak ýollaryň goýnunda bedew bady bilen tigir sürmek — bu ýönekeý bir sportyň görnüşi bolman, eýsem, bagtyýar durmuşa we sagdyn geljege tarap ädilýän ynamly gadamydyr.

Welosiped diňe bir amatly we ekologiýa taýdan arassa ulag bolman, eýsem sagdyn durmuşyň hem açarydyr. Arassa howada tigir sürmek adamyň ruhuny beýgeldip, oňa aýratyn ruhy lezzet berýär. Bu sport bilen meşgullanmak ýürek-damar ulgamyny berkidýär, dem alyşy sazlaýar we bedeniň umumy garşylygyny artdyryp, dürli kesellerden goranmaga ýardam edýär.

Nurmyrat Kalamow,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby.