WATANSÖÝÜJI NESILLER — DÖWLETIMIZIŇ KUWWATLY GÜÝJI

Decorative element

Iýul 01, 2026

/

1019

WATANSÖÝÜJI NESILLER — DÖWLETIMIZIŇ KUWWATLY GÜÝJI

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Kämil şahsyýet bolup ýetişmekde, adamzada mahsus bolan duýgynyň ilkinjisi ata Watana, ene topraga bolan söýgüdir. Watansöýüjiligiň ýüze çykmasy halal zähmetiň bilen Watanyň şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmakdadyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki ösüp gelýän ýaş nesillerde, hususan-da, geljekki hünärmenlerde durmuş ähmiýetli iň möhüm raýatlyk häsiýetlerini kemala getirmek we ösdürmek, bilim-terbiýeçilik işiniň mazmunyna ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, medeni-taryhy, milli buýsanç hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak esasy wezipelerdir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň innowasion ýokary okuw mekdebi bolan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyp ýaşlarda watançylyk duýgusyny ösdürmek, şeýle hem milli terbiýäni we ahlak gymmatlyklaryny berkitmek boýunça meýilnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Strategiýada ýokary hünär bilimi ulgamynyň dolandyrylyşyny halkara kadalara we milli tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygynyň kämil gurallaryny döretmek, okatmagyň öňdebaryjy usullary, sanly tehnologiýalar, emeli aň arkaly bäsdeşlige ukyply ýokary hünär biliminiň milli gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şundan görnüşi ýaly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda diňe bir ýokary hünär bilimini bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň aň-düşünjesine pederlerimiziň nusgalyk ýörelgelerini ornaşdyrmak, şeýlelikde, ýaş nesilleri köpasyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyza ygrarly nesiller edip ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, uniwersitetde «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynyň çäklerinde bu ugurdaky işler işjeň ilerledilýär. Çünki Garaşsyzlyk döwründe dünýä inenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletiniň häzirki ýaş nesilleridir. Bu günki ýaşlar Watan geljeginiň eýeleridir. Hut şonuň üçin-de, bu günki talyp ýaşlary ak ertirlere milli ýol-ýörelgelerimize kybap taýýarlamak, olarda beýik pederleriň buýsançly nesilleridigi baradaky çuňňur watançylyk duýgularyny ösdürmek zerurdyr.

Ynsanyň bütin ömrüniň manysy onuň mertebeli ýaşaýşy bilen kesgitlenýär. Mertebe merdanalykda, wepalylykda, kämillikde öz mynasybetini tapyp, biziň mertebe mekdebimiz geçmişimizdir, pederlerimizden miras galan gymmatly ýol-ýörelgelerdir, edim-gylymlardyr, terbiýedir. Şol mekdebiň uçurymy bolan ýaşlar kämil nesiller bolup, türkmeniň halk hökmündäki mertebeli ýaşaýşyny heňňamlardan heňňamlara aşyryp, nesillerden nesillere ýetirýärler. Dowamatyň dowam tapmasy bolsa çyn döwletlilikdir, deňli-derejelilikdir. Şundan ugur alsak, Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz beýik oguzlaryň nesilleridiris. Biz dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleridiris. Biz öz şanly geçmişimize, baý taryhymyza, beýik döwrümize guwanmaga we buýsanmaga doly haklydyrys» diýen sözlerinde çuňňur many-mazmun jemlenendir.

Beýik oguz nesilleri! Bu buýsançly kelam her bir türkmeniň aňynda, ýüreginde baky ýaşaýan bolsa gerek. Döwlet gurmagyň, ony dolandyrmagyň, jemgyýetde adalatlylygy üpjün etmegiň kämil nusgasyny miras galdyran Oguz hanyň ýol-ýörelgesi parahatçylyk, adalatlylyk, agzybirlik bolup, ol ýol häzirki türkmen jemgyýetiniň hem süňňüni düzýär. Oguzlaryň — türkmenleriň taryhy şöhratly-şanly, ymgyr synagly, beýik ýeňişli, buýsançly sahypalardan doly. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalary bilen ol sahypalar dowamat-dowam tapýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tarapyndan bütin dünýäde parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň ilerledilmegi ugrunda işjeň hem-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, medeni we edebi çäreler talyplara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň taryhy ähmiýetine çuňňur düşünmäge, şol sanda olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge uly mümkinçilik döredýär.

Aslynda, terbiýe, ylmy nukdaýnazardan kesgitlenende, ynsanyň özüni alyp barşyny kesgitleýän, şonuň ýaly-da, adamyň tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygyny üpjün edýän bitewi ruhy güýç bolup durýar. Terbiýe ynsanda oňyn gylyk-häsiýetleriň kemala gelmegini üpjün edip, onuň duýgy-düşünjesine, üşügine, ukyp-başarnygyna görä jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam edýär. Şu jähetden, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýeti — terbiýeli ynsany ýetişdirmek, bu işi goldamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup, ýurdumyzda okuw-terbiýeçilik, medeni aň-bilim işi alnyp barlanda, ilkinji nobatda, öwredilýän maglumatlaryň özeninde watansöýüjilik duýgularyny ösdürýän pikirleriň bolmagyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň terbiýe mekdebiniň berk binýadydygyny, gymmatly hazynasydygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, bu nusgalyk terbiýe mekdebiniň ýörelgelerine, şeýle hem milli we öňdebaryjy tejribelere eýerip, uniwersitetiň professor-mugallymlary ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, geljekki hünärmenleri kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda döredijilikli zähmet çekýärler.

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda her bir ynsanyň bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli gymmatlyk bolan terbiýäniň on iki görnüşine — watançylyk, döredijilik we zehin, akyl we pikir, ylym, medeni aň-düşünje, kär-hünär, sungat, syýasy, maliýe-ykdysady, jemgyýetçilik, dil, ekologiýa, tebigata söýgi terbiýelerine ünsi çekýär hem-de «Terbiýäniň bu görnüşleri durmuşa täze gadam basan ýaş nesiller üçin geçmişi, häzirki döwri hem-de geljegi özünde jemleýän nusgalyk mekdepdir» diýip belleýär. Munuň özi ýaş nesilleri, has takygy, geljekki hünärmenleri sazlaşykly ösen şahsyýetler edip ýetişdirmekde terbiýäniň, onuň görnüşleriniň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Watançylyk terbiýesi barada gürrüň edilende, Watan söýgüsi bilen bagly türkmen halkymyzda ajaýyp rowaýatlaryň, taryhy hakykatlardyr wakalaryň diýseň kändigine ünsi çekmelidiris. Çünki «Watan birdir, toprak birdir, ser birdir» diýen düşünje biziň ganymyzda bar. Şonuň ýaly-da, döredijilik we zehin, akyl we pikir, ylym, medeni aň-düşünje terbiýeleri ýaş ynsanda döredijilikli pikirlenmäni, medeniýeti, many-maňyzly ýaşaýşa, ylmyň çuňluklaryna aralaşmaga bolan höwesi oýarýar. Kär-hünär terbiýesi bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Hünär meselesi — adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr» diýip nygtaýar. Munuň özi ýaş nesilleriň hünär saýlawyna örän ünsli çemeleşmelidigini, mümkin boldugyndan, gyzyklanýan ugurlarynyň haýsysy boýunça üşüginiň has ýitidigini bilmäge çalyşmalydygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine okuwa kabul edilýän talyplaryň okuwyň ilkinji ýylynda dil öwreniş bölüminde dil taýýarlyklaryny düýpli kämilleşdirýändiklerini, okuwyň ikinji ýylynda ulaldylan toparlarda umumy bilim alýandyklaryny, üçünji okuw ýylynda bolsa talyp ýaşlara öz zehinine we bilim-başarnyklaryna görä hünär saýlamaga mümkinçiligiň döredilýändigini aýratyn nygtamalydyrys. Çünki bu täzeçillik dünýäniň ösen tejribelerine doly laýyk gelip, milli terbiýe ulgamy bilen berk sazlaşýar.

Bulardan başga-da, sungat terbiýesini alan adamda ahlaklylyk duýgusynyň ösen bolýandygyny arkaýyn aýdyp bolar. Ol ajaýyp sungat eserlerinden lezzet alyp, geljekki işlerine döredijilikli, yhlasly çemeleşýär. Şeýle-de syýasy, maliýe-ykdysady, jemgyýetçilik terbiýelerinden ýeterlik gor edinenler diňe bir häzirki zaman türkmen jemgyýetinde däl-de, eýsem, islendik ösen jemgyýetde-de hormata mynasypdyrlar. Çünki bu terbiýe görnüşleri bize ýaşamak sungatynyň «altyn açaryny» salgy berýär diýsek ýalňyşmarys. Her halkyň milli özboluşlylygy, aýratynlygy onuň milli gymmatlyklarynda, esasan-da, dilinde jemlenýär. Dil mirasy — uly baýlyk. Bize-de atalarymyz asyrlardan geçirip, timarlap-taraşlap, ähli duýgulary şireli-maňyzly beýan eder ýaly türkmen dilini miras goýupdyrlar. Ene dilimizi goramak, ösdürmek, geljekki nesillere geçirmek şu günki nesiller üçin wajyp bolmak bilen, dil terbiýesi ösen şahsyýeti kemala getirmek babatda zerurlyk hökmünde öňe çykýar. Şeýle hem biziň häzirki gatnaşyklary çylşyrymlaşýan umumy dünýämiz adamlaryň adamlar bilen hem-de adamlaryň tebigat bilen utgaşykly ýaşamagyny talap edýär. Şunda ýaş nesle ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesini bermek zerurlygy ýüze çykýar.

Görnüşi ýaly, halkymyzyň köpasyrlyk baý medeni mirasy, pelsepewi garaýyşlary we nesilden-nesle geçip gelen asylly däp-dessurlary ýaş nesliň milli terbiýesiniň berk binýadyny emele getirýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda on iki terbiýe görnüşiniň esasynda ýaşlaryň aňyna maşgala mukaddesligini sarpalamak, zähmetsöýerlik we halallyk ýaly ahlak gymmatlyklarynyň ornaşdyrylmagy olaryň geljekde kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde möhüm şertler bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaşuly nesliň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bilen geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary ýaşlaryň watançylyk duýgularyny has-da artdyryp, olaryň kanunçylyk namalaryna ak ýürekden wepaly bolmaklaryna uly itergi berýär. Sebäbi watansöýüjilik duýgusy ýokary ahlak gymmatlyklaryndan, kämil ahlak garaýyşlaryndan gözbaş alýar. Watana söýgi ömür-örküňi dogduk topragyňa örklemekdir. Watana söýgi eždatlaryň ýörän ýoluny mynasyp dowam etdirmekdir, geljek nesillere ýetirmekdir. Watana söýgi iliň agysyna aglap, begenjine buýsanmakdyr. Şol sanda uniwersitetiň talyplarynyň jemgyýetçilik işlerine we ylmy-döredijilik taslamalaryna işjeň gatnaşmagy olaryň watansöýüji şahsyýet hökmünde kemala gelmegi we täze belent sepgitleri nazarlamagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Watany söýmek, bu — Watanyň asudalygy, abadanlygy, arassalygy, gözelligi, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmek, yhlas etmekdir. Watan özüne siňdirilen söýgüden ylham, boý alýar. Watan söýgüsi bilen ülkeler, ýurtlar abadan bolýar. Watana bolan söýgimiziň beýikligine görä, adamyň döredijilik zehini oýanýar, artýar. Watany söýmekde, mukaddes topraga wepaly bolmakda taryhy şahsyýetlerimiziň bitiren işleri, amallary bize görelde mekdebidir».

Şu ýerde watansöýüjilik terbiýesi bilen bir hatarda, bedenterbiýe we sport medeniýetiniň hem ýaş nesilleriň ruhy-ahlak we beden sagdynlygyny berkitmegiň möhüm ugrudygyny nygtamalydyrys. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur». Hormatly Arkadagymyzyň bu pelsepewi jümlesinde sportuň türkmen jemgyýeti üçin zerurlygy hem-de ähmiýeti örboýuna galýar:

Sport diplomatiýasy — parahatçylygy döretmek sungatynyň möhüm ugurlarynyň biri. Şonuň üçin-de, sport parahatçylygyň ilçisi, dostluk, birek-birek bilen düşünişmek, ynanyşmak ýoly hasaplanylýar;

Bedenterbiýe we sport — raýatlaryň saglygyny, aýratyn-da, ýaş nesliň sagdynlygyny gazanmagyň iň ygtybarly ýoly. Sporty saýlan we ony hemra edinen adamda ýeňiş we ýeňijilik ruhy höküm sürýär. Bu ruh ýaş nesilde döredijilik we ynamlylyk duýgularyny terbiýeleýär;

Sport — gözellik çeşmesi. Çünki sport gözellige düşünmegiň wajyp ýollarynyň biri bolup, ol ýaş nesilde ýokary ahlak sypatlarynyň — hoşniýetliligiň, dostlugyň, ynanyşmagyň, ynsan mertebesini belent tutmagyň kemala gelmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bedenterbiýäniň hem-de sportuň ornuna uly baha berýär. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketi giň gerime eýe boldy. Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň müňlerçesini özünde jemleýän köpçülikleýin sport çärelerini, şeýle hem halkara sport ýaryşlaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Sportuň dürli görnüşlerine, hususan-da, welosporta, atçylyk sportuna, futbola, tennise, göreş ugurlaryna we beýlekilere täze badalga berildi. Şundan ugur alnyp, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde maksatnamalaýyn esasda yzygiderli geçirilýän sport çäreleridir ýaryşlary ýaşlaryň durmuşa we öz saýlap alan hünärine bolan söýgüsini, agzybirligini we dostlukly gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Çünki bu günki gün ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldelerine eýerip, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini bagtyýar durmuşyň baş şerti hökmünde kabul edýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu gün Türkmenistan sport ýurduna öwrüldi diýip arkaýyn aýdyp bileris.

Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan watansöýüjilik-terbiýeçilik işleri talyp ýaşlarymyzyň ýokary derejeli hünärmenler bolmak bilen birlikde, kämil ösen şahsyýetler bolmagyna oňaýly şertleri döredýär. Sebäbi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir».

Tyllagözel MUHAMMEDOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.