Türkmen topragy ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewleriň mekany hasaplanýar. Ata-babalarymyzyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň netijesinde kemala getirilen bedew atlarymyz müňýyllyklaryň dowamynda sungat derejesine ýetirildi, edebiýatymyzda esasy temalaryň biri bolup geldi. Ahalteke bedewlerimizi
Ýüregimde ebedilik aýdym sen,
Waspyň sena boldy dillere, bedew!
diýip wasp edýän Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary bu ugurda gymmatly gollanmadyr.
Türkmen bedewleriniň at-owazasyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan işler, hususan-da, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň sentýabr aýynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülmegi behişdi bedewlerimize bolan söýgini, buýsanjy has-da artdyrýar.
Ahalteke atlary parasatly we zähmetsöýer halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynyň ajaýyp nusgasydyr, halkymyzyň ynsan bilen jandaryň dostlugynyň ýaş nesillere örän möhüm terbiýeçilik ähmiýetli ynsanperwerlik ýörelgesine öwrülen gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgalaryna – dür dänelerine ýüzlenenimizde muňa anyk göz ýetirýäris.
Türkmen taryhynyň dürli döwürlerinde bedew atlarymyzyň şan-şöhraty belent tutulypdyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz: «Türkmeniň durmuş ulgamyna bedew düşünjesi ykjam ornaşypdyr. Bedew kä ýagdaýlarda ruhy hadysalaryň özenini eýeläpdir, şeýlelikde «Bedew atyň ýorulmasyn», «Atyň ýörgür bolsun» ýaly alkyş-dilegler durmuş hajatyny üpjün etmegiň esasy saýylypdyr» diýip belleýär. «Atym bar – ganatym bar», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Göwher – kül içinde, bedew – jul içinde» diýen pähimler bu hakykatyň üstüni ýetirip, oňa täze öwüşgin berýär.
Halkymyzyň gahrymançylykly geçmişinden söz açýan «Gorkut ata» eposynda bedewler hemişe mert ýigidiň şekili bilen bilelikde hyýala getirilýär. Mysal üçin, eposyň «Uşun goja ogly Segrek boýny beýan eder» atly boýunda şeýle jümleler bar: «Geýim gylçydysyndan, at çokramasyndan – meger, ýigit, aýgyr binerdi – hanym, at gulagy sak olur, çekübäni oglany oýardy. Oglan gördi, kim, bir alaý atlu gelür. Syçrady, ady görklü Muhammede salawat getürdi. Atyna bindi. Gara tonlu kafyra gylyç urdy. Basdy, galaýa gody. Ýene uýhusyn ýeňimeýüb, ýerine warub ýatdy, uýdy. Gine atynyň çylbaryn bilegine geçürdi» Şundan görnüşi ýaly, Segrek atly ýigit üç gije ýatman, gardaşyny halas etmek üçin söweşýär, uka giden pursadynda at duýgurlygy bilen eýesini duşmandan goraýar.
«Görogly» eposynda bedew baş gahrymanyň duýgusyna duýgudaş, häsiýetine kybapdaş, ýoluna ýoldaş şekilde şöhlelendirilýär. Şeýle-de eposda Jygalybeg agtygy Röwşen, ýagny Görogly bilen öz yzlaryndan gelýän kowgynyň nähili atda gelýändigini reňk alamatlary boýunça kesgitleýär. Eposda bedewler «gara dor», «al at» ýaly alamatlar boýunça tapawutlandyrylýar. Bu bolsa türkmen halkynda seýisçilik sungatynyň tejribesiniň ýokary derejä ýetendiginden habar berýär.
Halk döredijilik eserleriniň ähli görnüşlerinde diýen ýaly bedew atyň tutýan orny örän ýokarydyr. Ene sallançakdaky çagasyny hüwdülände onuň gursagyna atlara bolan söýgini guýupdyr:
Akar suwuň tolkuny,
Balam söýer halkyny,
Bedew atyň uýany,
Goç ýigidiň ýegeni.
Gelin-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýän lälelerde hem bedew atlaryň waspy öz mynasyp beýanyny tapypdyr:
Dor bedew kişňäp gelýär,
Uýanyn dişläp gelýär.
Meniň körpe doganym,
Toý başyn başlap gelýär.
Monjugatdylara ýüzlenenimizde-de, bedew atyň keşbiniň suratlandyrylyşyna gabat gelýäris:
Meniň ýarym at çapar,
Saýlanar abraý tapar.
Bedew atyn bezesem,
Toýlarda owlak gapar.
Meniň ýarym syratly,
Gyrmyz donly, Gyratly.
Altyn gabak atany,
Äriň baryp ýatany.
Monjugatdy bentlerinde gelin-gyzlaryň söwer ýarlaryna bolan mähir-muhabbetiniň, ýigitleriň bedew ata atlanan syratly, batyrgaý keşbiniň, şol sanda olaryň at üstündäki türkmen milli oýunlary bolan «Altyn gabak», «Owlak gapdy» oýunlaryny ýerine ýetirişleriniň waspyna şaýat bolýarys.
Mert ýigidi atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýigidiň mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň ýarysy onuň gamyşgulak, duýgur, özi bilen ýürekdeş bedew atynyň bolmagyna bagly. Şoňa görä-de, XVIII asyrda ýaşap geçen beýik akyldar, dünýäniň danasy Magtymguly Pyragy:
At gerek gaçarga, kowsa ýeterge,
Ýowny gorkuzarga, tirik tutarga,
Meýdanda sangysyz her iş bitirge,
Ýigrimi, otuzly ýaşy gerekdir.
diýip belleýär.
XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatyna ýüzlenenimizde, nusgawy şahyrlaryň şygyrlarynda bedewleriň goç ýigidiň hemişelik hemrasy, goşa ganaty, ýow gününiň dosty, parahat gününiň guwanjy bolandygyna, atlaryň çeper keşbiniň ýokary çeperçilik bilen janlandyrylandygyna gabat gelýäris. Hususan-da, Mahmyt Gaýybynyň muhammeslerindäki
Dünýe mülkünde ýaranlar, şähriýar istär köňül,
Segredip münse bedewni, şasuwar istär köňül.
diýen setirler munuň aýdyň güwäsidir.
Gurbanaly Magrupy «Bedew» atly goşgusynda:
Kakdyryp nalyn kümüşden,
Iýmiti dürli iýmişden,
Ýüwrüşi artykdyr guşdan,
Bahar öwsen batdyr bedew.
diýip, ahalteke bedewleriniň çeýeligini wasp edýär. «Ýüwürmek» diýen söz bu ýerde «çapmak» manysynda ulanylyp, şahyryň «Ýüwrüşi artykdyr guşdan» diýen setiri laçyn bilen ýaryşdyrylan bedew baradaky rowaýaty hakydaňa salýar. Şeýle hem bu ýerde bedew atyň ýüwrükliginiň bahar paslynda öwsen mylaýym ýele – bada deňelmegi tüýs jüpüne düşen metaforadyr.
Yşk mülküniň şasy hasaplanýan Mollanepes şahyr Ahalda ýaşap geçen belli şahsyýet Öwezmyrat han hakynda birnäçe goşgular ýazyp, halky ruhlandyrypdyr. Şeýle goşgularyň biri «Bedewdir» diýip atlandyrylyp, ondaky:
Asly bina bolmuş Ahal ilinde,
Bahasy müň tümen şalar pulunda.
Öwezmyrat han Hojamnyň golunda,
Ner kuwwatly, peleň zorly bedewdir.
diýen setirler diýseň özüne çekijidir. Şol bir wagtda Seýitnazar Seýdiniň «Üsti bedewiň» Annagylyç Mätäjiniň «Türpe nyşanly bedew» ýaly goşgulary halkymyzyň hakydasynda hemişelik orun aldy.
Görnüşi ýaly, türkmen nusgawy edebiýatynyň islendik wekiliniň şygyrlaryna ýüzlenenimizde, edil halk döredijilik eserlerindäki ýaly ahalteke bedewleriniň türkmen ýigidiniň ýakyn ýoldaşydygy, ak öýleriň ýaraşygydygy, toý-baýramyň buşlukçysydygy hakyndaky pikirlere gabat gelýäris. Munuň özi bedew atlaryň türkmen durmuşynda näderejede uly orun tutandygyny görkezýär. Diýmek, biziň bedewlerimiz halkymyzyň şanly geçmişiniň çeper beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Gadymy döwürlerden bäri «asman atlary», «Nusaý atlary», «ganatly bedewler» diýlip dünýä meşhur bolan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy, göz guwanjy hem-de gymmatly baýlygydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, bu günki günde ahalteke bedewleri parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem çuňňur many-mazmuna eýedir.
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

