Iýul 27, 2026

/

464

DOSTLARYŇ DÖWLETARA DIALOGY

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýä döwletleri bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklarymyzyň täze derejelere çykarylmagy netijesinde emele gelen berk binýatly dostluk köprülerinden päk niýetler ýol salýar. Dost sarpasy düşünjesiniň tutuş halklar bilen baglanyşykly-da dillere sena bolup bilýändigine bolsa biz hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň dowamynda nobatdaky gezek göz ýetirdik.

Gruzin halkynda «Gapyňy aç, illerem saňa gapysyny açarlar» diýen manydaky nakyl bar. Bu günki gün türkmen-gruzin gatnaşyklary göýä şu nakyl esasynda gurlan ýaly duýgyny döredýär. Sebäbi bu gatnaşyklaryň özeninde birek-birege giňden açylan gapy — halklaryň açyk ýüregi dur. Häzirki döwürde ýurtlarymyzyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi, sebit we ählumumy derejede dürli ugurlara degişli möhüm meseleler boýunça özara düşünişmek ýagdaýynyň bardygy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriniň barşynda hem kanagatlanma bilen bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherinde gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň bardygy, Gruziýada hem türkmen medeniýetine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we mirasyna uly hormat goýýanlaryň köpdügi, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilendigi, Türkmenbaşy hem-de Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak barada aýdanlary gatnaşyklaryň berkemeginde medeni hyzmatdaşlyga uly ornuň degişlidigini ýene bir gezek görkezdi. Iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde birek-biregi özara goldamaklyk asylly däbe öwrülen gatnaşyklar Hazar we Gara deňizleriniň üsti bilen söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar.

Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz «Ekspo Georgia» sergiler merkezinde Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Forumda häzirki wagtda Gruziýada türkmen maýasynyň gatnaşmagynda ulag-logistika, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda köp sanly bilelikdäki kärhanalaryň, kompaniýalaryň netijeli iş alyp barýandygy, bu toplanan baý tejribäniň geljekki hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýandygy, bu forumyň ikitaraplaýyn söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berjekdigi aýdyldy. Munuň şeýledigine «Ekspo Georgia» meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisine bildirilýän gyzyklanmanyň ýokary derejesi hem aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparynyň ikinji gününde dostlukly ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde hem häzirki döwürde türkmen-gruzin dialogynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigi we halklarymyzyň uzak möhletli bähbitlerine esaslanýandygy bellenilip geçildi. Bu gatnaşyklaryň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurda döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen syýasy we ykdysady gatnaşyklara degişli ikitaraplaýyn resminamalar bilen birlikde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gruziýanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda medeni hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry bilen Şota Rustaweli adyndaky Milli teatryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruzin köşk-muzeýler bileleşiginiň arasynda özara düşünişmek hakynda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Gruziýanyň Patyşalyk Aziýa jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen «Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasy» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň arasynda kitaphana işi babatda özara düşünişmek hakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugyndaky ýuridik şahsynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda, şeýle hem «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy bilen «Europe 24» TW-kompaniýasynyň arasynda habarlar materiallaryny alyşmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalaryň bolmagy gatnaşyklaryň has uzak geljegi nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär.

Hawa, agzybirligiň, birek-birege sylag-hormatyň diňe bir öz ojagyňa däl, töwerek-daşa-da, goňşy-golama-da oňyn täsirini ýetirýändigi halkymyzyň durmuş filosofiýasynda beýanyny tapýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň ýola goýan durmuş ýörelgesi hökmünde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan buýsançly zamanamyzda has-da üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň dostlukly Gruziýa döwlet sapary hem iki halkyň ykbalyna täze-täze gülleýişleri, ösüşleri serpaý ýapar.

Her bir günümizi bagtyýarlyga, dost-doganlyk ýollarymyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize jan saglygyny, uzak ömür, tutumly işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Tyllagözel MUHAMMEDOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.

Çeşmesi: Edebiýat we sungat gazeti