Strategiýa – öňde goýlan anyk maksatlar

Decorative element

Iýul 01, 2026

/

1002

Strategiýa – öňde goýlan anyk maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde, belent maksatlar esasynda döwlet bilim resminamalary taýýarlanylýar hem-de netijeli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynda kesgitlenilen wezipeler hem ýurdumyzda ýokary hünär biliminiň hilini we mazmunyny halkara derejede ykrar edilen görkezijilere laýyklykda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

  Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde hem şeýle bilim resminamalarynyň talaplary göz öňüne tutulyp ýörite iş meýilnamasyna ýokary bilimi dünýä standartlaryna laýyk getirmek, öňdebaryjy innowasion usullaryny okuw-terbiýeçilik, ylym-hünär işlerine giňden ornaşdyrmak, professor-mugallymlaryň, usulyýetçileriň, pedagoglaryň, ýaş mugallymlaryň iş ussatlygyny kämilleşdirmek, hünär başarnyklaryny ösdürmek bilen bagly çäreler girizildi. Şeýle çäreleriň hatarynda uniwersitetde bilimli, hünär taýdan taýýarlykly ýaşlary kemala getirmek maksady bilen 2025-2026-njy okuw ýylynyň dowamynda milli ahlak gurşawly wagyz-nesihat çäreleri, halypa-şägirt duşuşyklary, sagdyn durmuş maksatlaryna eýerýän sport çäreleri, medeni aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary geçirilip ýaşlaryň arasynda zehin, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen döredijilik bäsleşikleri yglan edilip, ýaşlaryň saýlap alan hünärleriniň eýesi bolmaklary ugrunda uly ähmiýetli işler amala aşyryldy.

Ýokary hünär biliminiň bakalawr hem-de magistr maksatnamalary boýunça taýýarlyk ugurlarynda bilim standartlary yzygiderli kämilleşdirilip, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň depgini has-da artdyrylyp, STEM maksatnamalaýyn okuwlar gurnaldy. Halkara tejribelere daýanyp uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda işewürlik gurşawynda iňlis dilinde okatmagyň we öwrenmegiň usullary boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Malaýziýanyň, Ýewropa bileleşiginiň iňlis dili hünärmenleriniň okuw sapaklarynyň geçirilmegi halkara tejribeleri alyşmaga esas döretdi.

Ýaşlar syýasaty döwlet maksatnamasyndan ugur alyp uniwersitetde ýaşlaryň ruhy-ahlak, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmekde döwrüň ruhuna ses goşjak ýaşlary kemala getirmekde meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Iş meýilnamalaryna laýyklykda talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen sport bäsleşiklerine gatnaşyp dürli orunlara mynasyp bolmaklary, çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen aýdym-saz, tans sungaty boýunça festiwallara gatnaşyp ýokary baýraklara eýe bolmaklary, halkara olimpiadalara gatnaşyp ýokary netijeleri görkezmekleri, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşiklere gatnaşyp Hormatly Prezidentimiziň Şaserpaýyna mynasyp bolmaklary – bularyň ählisi Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň 2025-2026-njy okuw ýylynyň dowamynda gazanan üstünliklerini ýokary görkeziji hasaplamak bolar.

Berkarar ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim, terbiýe bermekde uniwersitetde zerur bolan ähli şertler döredilen. Elbetde bu şertler bolsa ylmy-barlag önümçilik pudaklaryny ösdürmäge, täze tehnologiýalary işläp düzmäge, ýaşlary telekeçilige höweslendirmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikleriň esasynda okuwlaryň döwrebap usullaryny döretmek maksat edenilip, ýaşlary telekeçilik işine çekmek boýunça oba-hojalyk toplumynyň dürli pudaklaryna, azyk-senagaty önümçiligine, gurluşyk serişdeleriniň meýdançalaryna, himiýa senagaty kärhanalaryna, derman serişdelerini öndürýän kiçi önümçiliklere, ekologiýa we gaýtadan işleýän toplumlara uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar üçin göçme okuw sapaklary gurnaldy. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen işewürleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk geljekde tehnologik işläp taýýarlamalary çalt depginde iş tejribesine ornaşdyrmaga ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz: “Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr” diýip belleýär. Şu jähetden hem ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak wajyp meseleleriň hatarynda kesgitlenendir. Şular babatda bolsa “Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek” boýunça Döwlet maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Ylmyň gazananlaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek we “Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy” durmuşa ornaşdyrylyp, geljekde ýokary bilimde halkara bilim standartlaryna laýyk getirilen hem-de milli bilim ulgamy üçin örän ähmiýetli bolan ulgam kemala geler. Munuň özi berkarar döwletimiziň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna hyzmat eder.

Türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli bolmaklary ugrunda uly tagallalary edýän, ýaş mugallymlara şeýle ajaýyp okuw binalarynda zähmet çekmäge döredilýän mümkinçilikler üçin, ýokary hünär biliminiň netijeliligini artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak babatdaky möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda belent maksatlara badalga berýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

Jemal SAPARLYÝEWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy