SPORT – AGZYBIRLIGE WE DOSTLUGA SÖÝGI

Decorative element

Iýun 26, 2026

/

1278

SPORT – AGZYBIRLIGE  WE DOSTLUGA SÖÝGI

Sporta bolan söýgi – bu diňe bir ýeňişlere bolan ymtylyş däl-de, eýsem, ol ynsan kalbynda agzybirligiň, dostlugyň we birek-birege bolan özara hormat-sylagyň aýdyň beýanydyr. Sportuň esasy güýji parahatçylyk taglymatyny dabaralandyryp, özara ynamy has-da jebisleşdirmekden ybaratdyr.

Köpçülik bolup oýnalýan oýunlarynda her bir oýunçy öz şahsy üstünligini däl-de, eýsem, umumy ýeňşi maksat edinýär. Bu bolsa oýunçylara bir-birege ynanmagy, säwülikleri bagyşlamagy we bilelikde jebis hereket etmegi öwredýär. Ol asylly duýgy bolsa diňe bir sport meýdançasynyň çäginde däl-de, eýsem, jemgyýetde hem agzybirligiň we bitewiligiň sarsmaz binýadyny kemala getirýär. 

Milli ýygyndylaryň oýunlaryna tomaşa edýän millionlarça janköýerler öz häsiýet aýratynlyklaryna garamazdan,  bir maksadyň daşyna jebisleşýärler. Şeýle pursatlar adamlaryň arasyndaky ynam we düşünişmek arabaglanyşygyny has-da berkidip, gazanylan her bir üstünlik  milletiň ruhy bitewiligine öwürýär. Belent sepgitlere ymtylyş jemgyýetiň röwşen geljege tarap öňe gitmegine ruhlandyrýar.

Halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlar dürli ýurtlaryň türgenlerini we janköýerlerini bir ýere jemleýär. Olar özleriniň bir-birlerine garşydaşdygyna garamazdan, taraplaryň üstünligine hormat goýýarlar, tejribe alyşýarlar hem-de dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrýarlar. Sportuň bu ýörelgesi, adyl we ynsanperwer gatnaşyklaryň esasyny düzýär. Halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlary halklarynyň arasyndaky parahatçylygyň hem-de ynsanperwerligiň has-da dabaralanmagyna giň ýol açýar. Sport diňe bir tizlik, çeýelik we fiziki başarjaňlyk bolman, yklymlary we ýürekleri birleşdirýän asylly diplomatiýanyň iň belent nusgasy hökmünde ykrar edilýär.

Aýjahan Allanazarowa,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy