JEMGYÝETIŇ ÖSÜŞINDE IŇLIS DILINIŇ ÄHMIÝETI

Decorative element

Iýun 26, 2026

/

1055

JEMGYÝETIŇ ÖSÜŞINDE IŇLIS DILINIŇ ÄHMIÝETI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlary hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň raýatlarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, hünär derejesini kämilleşdirmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda «Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen raýatlarynyň daşary ýurt dillerini kämil bilmekleri, olaryň dünýä derejesinde bilim almaklary, watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşinde we onuň abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda ähmiýeti uludyr

Raýatlaryň ene dilini, iňlis we rus dillerini kämil bilmegini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Şol wezipeler esasynda raýatlarymyz daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Daşary ýurt dillerini öwrenmek meselesi talyplaryň gözýetimini giňeldýär, sowatlylygyny artdyrýar.

Iňlis dilinde suwara sözleýiş bilen bir hatarda, netijeli ýazuw aragatnaşygy saklamak hem üstünlik üçin möhüm bolup durýar. Dünýäniň dürli künjegindäki hyzmatdaşlar we müşderiler bilen iňlis dilinde aragatnaşyk saklap bilýän işgärlere ýokary isleg bar. Iňlis dilini oňat bilýän adamlar terjimeçi, dil mugallymy ýa-da halkara kompaniýasynda iňlis dilinde marketing hünärmeni bolup işläp bilerler. Iňlis dilini öwrenmek öňde duran ähli maksatlara ýetmegiň möhüm ädimidir. Li we Jonathanyň (2020) belleýşi ýaly, “iňlis dilini bilýän adamlar giň jemgyýet bilen onlaýn aragatnaşyk saklap, has köp çeşmeden peýdalanyp bilerler. Şeýle mümkinçilikleriň çägi ýokdur”.

Barlagyň netijeleri iňlis diliniň halkara gatnaşyklarynda möhüm orna eýedigini görkezýär. Mysal üçin, arassa gürlemek we ýazmak başarnyklary gowy iş mümkinçiliklerini we ýokary zähmet hakyny gazanmak üçin zerurdyr. Resmi we hukuk meseleleriniň aglaba böleginde iňlis dili milli hem-de halkara guramalarynyň esasy aragatnaşyk dili hökmünde ulanylýar.

 Amantäç Akmämmedowa

Halakara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň iňlis dili mugallymy.