Halk döredijilik eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti

Decorative element

Iýun 10, 2026

/

391

Halk döredijilik eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti

Halkyň milli gymmatlyklary müňýyllyklaryň dowamynda döreden ruhy we medeni baýlyklary bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň hem bäş müň ýylyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döredendigine taryh şaýatlyk edýär. Şeýle gymmatlyklaryň hatarynda dil we ene dilimizde döredilen edebi eserler uly orun tutýar. Ylmy dilde beýan edilende, halk tarapyndan döredilen eserlere we edebi mirasa halk döredijilik eserleri diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk döredijilik eserlerini ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek asylly ýörelgä öwrüldi.

Edebiýat halkyň ruhy baýlygy, terbiýe mekdebi hasaplanýar. Edebi eserlerde mertlik, watansöýüjilik ýaly asylly ýörelgeler wasp edilýär, gahrymanlaryň keşbi çeper beýan edilýär. Halk döredijiliginde hem şeýledir. Halk döredijilik eserlerine nakyllar, matallar, hüwdüler, dessanlar we beýlekiler degişli bolup durýar. Bularyň ählisi bitewülikde wagyz edýän, ýagşyny wasp edýän gymmatly pikirleri beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda şeýle belleýär: «Halk döredijilik eserleri, umuman-ha, edebiýatyň bitewüligi aýan edýän gözbaşydyr. Nakyllardyr atalar sözündäki, matallardaky, aýdymlardaky, gazallardaky, ertekilerdäki mazmunyň ruhy esasy olaryň haýsy zamana degişlidigini aýan edýär. Ýöne esasy nygtalmaly hakykat olaryň ruhy birligindedir, özara kök-damar baglylygyndadyr».

Halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlygy öz dilinde, ene dilimizde döredilen edebi eserlerde aýdyň ýüze çykýar. Hut şu nukdaýnazardan, halkymyzyň ruhy dünýasiniň baýdygyny aýratyn belläp bilýäris. Çünki ruhy dünýäsi baý ynsanyň, ruhy medeniýeti baý halkyň geljeginiň hem ýagty boljakdygy şübhesizdir. Milli mirasymyz – medeniýetimiz, sungatymyz, edebiýatymyz müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň diňe bir ruhy däl, mertebesini, dilini hem gorap geldi. Şondan hem görnüşi ýaly, edebi eserler bilen diliň berk baglanyşygy bardyr. Diliň sözlük baýlygyny göteriji bolup hem, geljek nesillere ýetirýän hem edebi eserlerdir. Gadymy miras milli buýsanjy emele getirýär, milli buýsanç bolsa milletimizi jebisleşdirýän, Watanymyzyň hatyrasyna işlemäge ruhlandyrýan, ata-babalardan galan däp-dessurlara eýerdýän, dilimizi baýlaşdyrýan ylham güýjüdir.

Edebi mirasymyz öwrenilende, diňe bir akyldar şahyrlaryň däl, eýsem, halk döredijilik sereleri bolan gazallaryň, dessanlaryň hem gymmatly baýlykdygyny nygtamalydyrys. Çünki edebi mirasymyzyň köp sanly görnüşleri, halk döredijiliginiň nusgalary şöhratly taryhymyzy beýan edýän, geçmişde ata-babalarymyzyň durmuşyny, kesp-kärini açyp görkezýän gymmatly çeşme bolup hem hyzmat edýär. Ruhy baýlyklarymyz halkymyzyň milli buýsanjy bolup, olar tämiz ruhy, sagdyn ahlagy ündeýän edebi gymmatlyklardyr. Bu gymmatlyklar dostluk, doganlyk, watanperwerlik, wepadarlyk, halallyk, mertlik, ruhubelentlik ýaly kämil gylyk-häsiýetleri özünde jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebi-milli mirasymyzyň ähmiýeti has-da ýokarlandy. Bu gymmatlyklary ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde, many-mazmunyny düşündirmekde uly işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklaryny aýap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrundaky asylly ýörelgeler, medeniýetimiziň, sungatymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şu günki nesillere ýetirmekde, olaryň aň-düşünjeleriniň kämilleşmeginde, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmeginde hyzmatynyň bimäçberdigi hem bellärliklidir. Munuň özi kämil şahsyýetleri kemala getirmäge, medeniýetiň, ylmyň ösmegine uly täsir edýär. Özi hem halkymyzyň döreden gymmatlyklarynyň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulandygy hem aýratyn buýsanç döredýär.

Türkmen edebiýaty, halkymyzyň döreden gymmatlyklary dünýäniň söz sungatyna beýik eserleri bagyş etdi. «Oguznama», «Gorkut ata»,

«Görogly» şadessanlarymyz, «Şasenem – Garyp», «Asly – Kerem», «Hürlukga – Hemra», «Kasym oglan», «Hatam Taý» ýaly ajaýyp dessanlarymyz, ertekiler, nakyllardyr atalar sözleri, hüwdüler, monjugatdylar, şorta sözler milli baýlygymyza öwrüldi. Şoňa görä-de, maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek babatynda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, medeni mirasymyz bilen baglanyşykly köp işler durmuşa geçirilýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimiz, şöhratly geçmişimiz, edebi mirasymyz ynsanperwerlik ýörelgeleriniň gözbaşy hökmünde öwrenilýär. Şonuň üçin hem, döwlet syýasatynda, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslylygyň ajaýyp sazlaşygy bolan mirasymyzy, pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişe özümize nusga edinýäris. Edebi eserlerde, esasan hem, halk döredijilik eserlerinde pederlerimiziň asylly ýörelgesi çuňňur many bilen çeper beýan edilýär. Mertlik, batyrlyk, watansöýüjilik, il-güne hyzmat etmek ýaly ynsanperwer häsiýetler dessanlarda we şadessanlarda çeper keşpleriň üsti bilen açylyp görkezilýär. Bu bolsa şeýle asylly ýörelgelerden nusga almak üçin ähmiýetlidir, çünki çeper keşpleriň, eserleriň gahrymanlarynyň şekilleriniň ynsana aýratyn täsir edýändigi aýdyň hakykatdyr. Hut şu nukdaýnazardan hem, çeper sözde beýan edilýän taryhy wakalar aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Okamak, öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, müňýyllyklaryň dowamynda döredilen eserleri wagyz edýäris. Geçmiş mirasymyzy öwrenmek we wagyz etmek biziň üçin mukaddes ýörelgedir. Ähli gujur-gaýratymyzy, ylym-bilimimizi Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, dünýädäki abraý-mertebesiniň, onuň şan-şöhratynyň has-da belende galmagyna bagyş etmek, asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirmek mukaddes borjumyz bolup durýar.

Tyllagözel MUHAMMEDOWA,

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

Çeşmesi: Mugallymlar gazeti