Gadymyýetde Gündogary Günbatar bilen baglanyşdyran, dünýä ykdysadyýetiniň we medeniýetiniň ösmegine ägirt uly täsir eden Beýik Ýüpek ýoly diňe bir taryhy ýadygärlik bolman, ol şu günki gün hem özüniň döwrebap görnüşi bilen dowam edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gadymy kerwen ýolunyň çatrygynda ýerleşip, ony dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň we oňyn gatnaşyklaryň ýoluna öwürmek bilen, dünýäniň ähmiýetli logistik we energetika merkezleriniň biri hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşişi ýurdumyzyň geosyýasy strategiýasynyň esasy sütüni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan «Açyk gapylar» we oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň Ýewraziýa giňişliginde ykdysady köpri hökmündäki ornuny barha berkidýär. Gadymy döwürlerde düýe kerwenleriniň menzil aşan ýollarynda häzirki wagtda halkara derejedäki ýokary tizlikli awtomobil ýollary, demir, howa, derýa ýollary hereket edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy hem bu ugurda ähmiýetli ädim boldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ahal, Mary hem-de Lebap welaýatlaryny ýurdumyzyň paýtagty bilen birleşdirýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýolagçylaryň we ýükleriň örän gysga wagtda gatnadylmagyny üpjün edýär. Diýarymyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukyby, logistik hyzmatlaryň hili epesli ýokarlanýar. Ol sebitleriň ösmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hasda artmagyna güýçli itergi berýär.
Beýik Ýüpek ýoly, taryhda bolşy ýaly, häzirki wagtda hem ylym, bilim we medeniýetleriň alşylýan çatrygy bolup durýar. Türkmenistan halkara ylmy maslahatlary, medeni festiwallary we sergileri geçirmek bilen, dünýäniň dürli künjeklerinden alymlary, taryhçylary we işewürleri birleşdirýär. Bu medeni diplomatiýa gadymy ýoluň ruhuny dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, halklaryň arasyndaky ynanyşmagy hem berkidýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjyny üstünlikli durmuşa geçirip, özüniň geosyýasy mümkinçiliklerini parahatçylyk, ösüş we durnuklylyk üçin giňden peýdalanýar. Şundan ugur alsak, bu ýol indi diňe bir söwda-täjirçilik gatnaşyklarynyň däl, eýsem, özara hormatyň, dostlugyň we parahatçylygyň ýoludyr.
Häzirki wagtda ýurdumyz bu gymmatly mirasy täzeden dikeltmegi maksat edinip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ulag geçelgeleriniň, logistikanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti örän uludyr. Täze ýoluň ugrunda ençeme döwrebap desgalar — awtoduralgalar, sürüjilerdir ýolagçylar üçin dynç alyş ýerleri, dükanlar, kafeler, ýangyç guýujy beketler we beýleki desgalar bina edildi. Ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredildi. Olaryň hatarynda awtomobil ýolunyň ugrunda gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlarynyň göz öňünde tutulandygyny görkezmek bolar. Ýol hereketiniň ulag akymy barada ähli maglumatlary toplaýan, ýatda saklaýan, ýol gözegçilik gullugyna geçirýän üznüksiz ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylmagy, bu ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlaryň Iberilmegi aýdylanlaryň üstüni ýetirýär. Şeýle hem ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlaryň we «Tiz kömek» merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygynyň ýörite nokatlarynyň oturdylmagy bu taslamanyň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýokary hil görkezijilerini tassyklaýan halkara güwanamalaryň we şahadatnamalaryň birnäçesine mynasyp boldy. Bularyň ählisi iri taslamanyň üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün etmäge ukyplydygyny görkezýär.
Öňdebaryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzdaky iň iri ulag taslamalarynyň biri bolup, bu barada oýlananyňda, halkymyzyň «ýol goýmak» diýen ajaýyp pikiri hakydaňa dolýar. Ymgyr many ýüküni öz mazmunyna siňdiren bu pikir arkaly ylymda, bilimde, edebiýatda, sungatda, önümçilikde, garaz, islendik ugurda özüňden soňky nesillere nusgalyk miras goýmak aňladylýar. Ony göni manysynda alanymyzda, «ýol goýmak», has takygy, «ýol gurmak» täze mümkinçiliklere «altyn gapy» açmakdyr, geljek nesiller üçin ýokary amatlylygyň binýadyny tutmakdyr. Sebäbi bu günki gurulýan ýollar ertirki ösüşleriň berk binýadydyr. Ýollar obalary şäherlere birleşdirýär, döwletleri dünýä çykarýar. Şeýdip, söwdanyň we haryt dolanyşygynyň ösmegine, pikirleriň we medeniýetleriň kämilleşmegine şert döreýär, adamlar bir-birine has-da ysnyşýar. Megerem, türkmençilikde ýol gurmagyň sogaply işleriň biri hasaplanylmagy, «Ýol baran ýer abadançylykdyr» diýilmegi hut şunuň üçindir.
Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň hem esasy ugurlarynyň biridir. Ol Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlyna ýetmekde möhüm orun eyeleýär. Ýurdumuz ulag ulgamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär we döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna goşant goşýar. Şunda bu gurama bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Watanymyzyň nurana geljeginiň bähbidine gönükdirilen işlerde tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Tyllagözel MUHAMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy.
Çeşmesi: Watan gazeti

