<<1 geljege uly ynamyň nyşanydyr. Halkymyz öz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiniň ösüşine goşant goşmagy dowam edip, täze üstünliklere ýetmek ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Bu gazanylan üstünlikler hem-de ýetilen sepgitler Garaşsyzlygymyzyň saýasynda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyzdyr. Elbetde, bu günki gün türkmen halky parahat, bagtyýar durmuşda ýashaýar. Biziň bu batly ädimleri ätmegimize halkymyzyň asyrlarboýy gorap saklap gelen milliligi hem-de türkmen halkynyň agzybirligi bilen parahatsöýüji hoşniýetli häsiýetlere ýugrulan däp-dessurlarymyz ýardam etdi.
Mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň we berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär.
Amantäç AKMÄMMEDOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymy
Çeşmesi: Türkmeniň ýüpek ýoly gazeti

