Sagdyn uky — kämil ertirleriň girewi

Decorative element

Iýun 08, 2026

/

130

Sagdyn uky — kämil ertirleriň girewi

Ukusyzlyk intellektual işjeňligiň peselmegine we beýniniň maglumatlary gaýtadan işlemek ukybynyň düýpli saklanmagyna eltýär. Bu ýagdaý diňe bir ýatkeşligiň gowşamagy bilen çäklenmän, ünsi jemlemek ukybynyň hem ýitirilmegine sebäp bolýar. Zähmet netijeligi kemelip, iň ýönekeý amallarda hem düzedip bolmajak ýalňyşlyklar ýüze çykýar. Pikirlenme akymynyň haýallanmagy sebäpli adam özüni ruhy boşlukda duýýar, bu bolsa kadaly dynç almagyň durmuş hili üçin nähili ähmiýetlidigini subut edýär.

Munuň bilen birlikde, uky ýetmezçiligi şahsyýetiň içki deňagramlylygyna hem uly zyýan ýetirýär. Akyl durnuklylygy ýitirilip, onuň ornuny dowamly lapykeçlik we göwnüçökgünlik eýeleýär. Gündelik wezipeleri ýerine ýetirmek uly kynçylyga öwrülýär, bu bolsa öz gezeginde adamyň daşky dünýä bilen sazlaşygyny bozýar. Wagtly-wagtyna dynç almazlyk, psihologik bitewiligi sarsdyrmak arkaly şahsyýetiň özüni alyp barşyna oňaýsyz täsirini ýetirýär.

Fiziki taýdan seredilende, dynç almagyň azlygy bedeniň daşky gurşawa bolan täsirini gowşadýar. Bedeniň goranyş güýji pese düşüp, dikeldiş amallary haýallaýar. Bu ýagdaý emosional durnuksyzlyga we iýmit siňdiriş, gan aýlanyşygy ýaly möhüm ulgamlarda dürli näsazlyklaryň döremegine getirmegi mümkin. Şeýlelikde, saglygyň esasy sütünleriniň durnuklylygy gönüden-göni ukyňyz bilen baglanyşyklydyr.

Jemläp aýdanymyzda, uky diňe bir tebigy zerurlyk bolman, eýsem, adamzat durmuşynyň iň esasy kämilleşdiriji güýjüdür. Biz ýatmak üçin sarp edilýän wagty ýitgi hasaplamaly däl, sebäbi şol pursatlarda geljekki üstünlikleriň binýady tutulýar. Özüňe bolan hormat ilki bilen sagdyn uky tertibini saklamakdan başlanýar. Akyl we beden sazlaşygyny gazanmak isleýän her bir ynsan üçin, dogry dynç alyş kämil ertirleriň girewidir.

Atamyrat Gutlyýew,

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby