Milli buýsanjymyzyň nepis nusgasy

Decorative element

Iýun 08, 2026

/

127

Milli buýsanjymyzyň nepis nusgasy

   Halkymyzyň köpmüňýyllyk taryhy ýolunda dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan iň ajaýyp mirasymyzyň hem-de milli buýsanjymyzyň beýany nepis türkmen halysydyr. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda dabaralandyrylýan Türkmen halysynyň baýramy, biziň milli sungatymyza, gadymy taryhy köklerimize hem-de ene-mamalarymyzyň sabyr-takatyna goýulýan belent sarpanyň we söýginiň sarsmaz nusgasy hökmünde kalplarymyza buýsanç paýlaýar. Bu baýram gelin-gyzlarymyzyň zehininden dörän, sungat derejesine ýetirilen milli mirasymyzyň ebediligini bütin dünýä ýene bir gezek jar edýär.

   Türkmen halysy diňe bir gözellik däl, eýsem, biziň taryhymyzyň daşlara ýazylan däl-de, ýüňe siňdirilen täsin pelsepesidir. Haly göllerindäki bäş welaýatyň nagşy halkymyzyň agzybirligini we tebigat bilen sazlaşygyny alamatlandyrýar. Gadymy döwürlerden bäri gelin-gyzlarymyz daragyň her bir urşuna öz mährini, kalbynyň owazyny we mukaddes arzuwlaryny siňdiripdirler. Şonuň üçin hem türkmen halysy asyrlaryň süzgüjinden süzülip, öz syrly gözelligini we gadyr-gymmatyny häzirki günlere çenli kämil saklap gelýär.

   Halyçylyk sungatynyň her bir öwüşgini halkymyzyň ruhy dünýäsinden we asylly ýörelgelerinden gözbaş alýar. Bu nepis nagyşlar nesilleri biri-birine ruhy taýdan baglap, kalbymyzyň iň tämiz duýgularyny özünde jemleýär. Häzirki döwürde bolsa, bu gadymy gözelligimiz täze mazmun bilen baýlaşyp, dünýä medeniýetiniň sahypalarynda öçmejek yz galdyrýar. Şeýlelikde, milli mirasymyz täze eýýamyň ruhy binýadyna öwrülip, özüniň bakylyk ýoluny ynamly dowam etdirýär.

   Türkmen halysy — bu geçmişiň sesidir, şu günüň buýsanjydyr we geljege uzaýan ebedi ýoldur. Keremli elleriň döreden bu täsin jadyly sungaty diňe bir gözellik däl, eýsem, milletimiziň asylly pelsepesiniň we sarsmaz ruhy gymmatlyklarynyň dünýä jar edilmesidir. Her bir nagyşda pederlerimiziň wesýet eden agzybirligi, enelerimiziň kalbyna siňdiren mähri ýaşaýar. Diýmek, bu gözel miras taryhyň gatlarynda solman, täze eýýamlarda öz belent mertebesini dünýä nusgasy hökmünde has-da dabaralandyrar.

Aýgül Nuryýewa,

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby