Dünýä medeniýetiniň we ylmynyň iň uly baýlygy barada söz açylanda, Kongres kitaphanasynyň taryhy ähmiýetine aýratyn orun bermek gerekdir. Bu kitaphana diňe bir golýazmalaryň toplumy bolman, eýsem, bütindünýä intellektual mirasynyň, ylym-bilimiň we akyl ýetirmegiň iň uly ojagydyr.
1800-nji ýylda düýbi tutulan bu ägirt uly desga, iki asyrdan gowrak wagtyň dowamynda adamzat paýhasynyň dünýädäki iň uly hazynasyna öwrüldi. Bu ýerde diňe bir kitaplar däl, eýsem, 175 milliondan gowrak seýrek golýazmalar, gadymy kartalar we sungat eserleri bir bitewi umman bolup jemlenendir. Dünýäniň 470-den gowrak dilindäki gymmatlyklary özünde saklaýan bu kitaphanasy, islendik gözlegçi üçin tapylgysyz ylym çeşmesidir. Geçmişiň iň ajaýyp taryhyny görkezýän nokadydyr.
Häzirki wagtda bu bilim merkezi sanlylaşdyryş arkaly öz çäklerini dünýä derejesine ýetirýär. Kongres kitaphanasy ýönekeý bir bina bolman, bütin ynsanyýet üçin elýeterli bolan zehin we ruhy çeşmedir. Ol geçmişiň pähim-paýhasyny indiki nesillere ygtybarly daşaýan we dünýä halklarynyň taryhyny habar berýän öýüdir.
Aslyna seredeniňde, bu ajaýyp mekan diňe bir maglumat gory däl-de, eýsem, adamzat zehininiň iň asylly nusgalarynyň ebedi saklanýan mekanydyr. Bu älem-jahan hazynasy, taryhyň pähim-paýhasyny geljege sarsmaz güýç bilen daşaýan iň uly medeni we ylym merkezdir. Onuň goýnundaky her bir eser — ynsan akyl-paýhasynyň belent dabaralanmasydyr.
Aýlar Orazowa,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby

